Ylym
12.08.2026
121
Täze okuw kitaplary neşir edildi
Ýurdumyzyň ýokary okuw mekdepleriniň talyplary üçin täze okuw kitaplary neşir edildi. Neşirler Türkmenistanyň Bilim ministrligi tarapyndan makullanyp, Türkmen döwlet neşirýat gullugy tarapyndan çap edildi.
11.08.2026
665
«Ahalteke atlary – parahatçylygyň ilçileri» atly zehin telebäsleşigi geçiriler
Türkmenistanyň Bilim ministrligi Aba Annaýew adyndaky Halkara atçylyk akademiýasy bilen bilelikde ýurdumyzyň umumybilim berýän orta mekdepleriniň 11 – 12-nji synp okuwçylarynyň arasynda «Ahalteke atlary – parahatçylygyň ilçileri» atly zehin telebäsleşigi geçirýändigini yglan etdi.
10.08.2026
230
Türkmen okuwçylary Beýik Britaniýada geçirilen halkara intellektual bäsleşikde 4 medal gazandylar
Türkmen okuwçylary 1 – 7-nji awgust aralygynda Beýik Britaniýada geçirilen halkara intellektual bäsleşik – «XPERTSTEM Elite Final Competition»-da ýurdumyzyň adyndan mynasyp wekilçilik etdiler.
09.08.2026
1791
«IWISE Global Final London 2026» halkara bäsleşiginde Türkmenistanyň mekdep okuwçylary uly üstünlik gazandylar
2026-njy ýylyň 2 – 7-nji awgusty aralygynda Beýik Britaniýanyň we Demirgazyk Irlandiýanyň Birleşen Patyşalygynyň London şäherinde «IWISE Global Final London 2026» atly abraýly halkara bäsleşigi geçirildi.
06.08.2026
2559
Türkmen hünärmenleri Germaniýanyň tehnologiýa uniwersitetinde öňdebaryjy tejribäni öwrenýärler
Türkmen hünärmenleri 25-nji iýuldan 16-njy awgust aralygynda Germaniýanyň Klaustal tehnologiýa uniwersitetinde geçirilýän halkara ylmy-barlag tejribelik okuwyna gatnaşýarlar.
05.08.2026
2952
«Agronomçylykda innowasion tehnologiýalar» atly täze okuw kitaby neşir edildi
Türkmenistanyň Bilim ministrligi tarapyndan hödürlenilip, Türkmen döwlet neşirýat gullugy tarapyndan oba hojalyk ugurly ýokary okuw mekdepleriniň talyplary üçin niýetlenen «Agronomçylykda innowasion tehnologiýalar» atly täze okuw kitaby neşir edildi.
04.08.2026
2442
Türkmenistanyň talyplary «IMC-2026» halkara matematika olimpiadasynda 6 altyn we 3 kümüş medal gazandy
Türkmenistanyň talyplary 27-nji iýuldan 3-nji awgust aralygynda Bolgariýa Respublikasynyň Blagoýewgrad şäherinde geçirilen «IMC-2026» 33-nji Halkara matematika olimpiadasynda uly üstünlik gazandy.
03.08.2026
2402
Türkmenistanyň ýokary we orta hünär okuw mekdeplerinde halkara hukugy we BMG-niň Tertipnamasy boýunça ýörite okuw sapaklary giriziler
Türkmenistanda BMG-niň Baş Assambleýasy tarapyndan kabul edilen «2028-nji ýyl – Halkara hukuk ýyly» atly Kararnamanyň düzgünlerini iş ýüzünde durmuşa geçirmek, ýaşlaryň hukuk sowatlylygyny ýokarlandyrmak maksady bilen giň gerimli bilim maksatnamasy hereket edip başlar.
03.08.2026
1815
«VII – X synplarda fizikadan sapak ýazgylaryny taýýarlamak boýunça usuly gollanma» neşir edildi
Türkmen döwlet neşirýat gullugy tarapyndan ýurdumyzyň umumybilim berýän orta mekdepleriň mugallymlary üçin «VII – X synplarda fizikadan sapak ýazgylaryny taýýarlamak boýunça usuly gollanma» atly täze neşir çap edildi.
01.08.2026
1585
Türkmen okuwçylary Beýik Britaniýada geçiriljek abraýly «iWISE» bäsleşigine gatnaşarlar
Türkmenistandan on sany mekdep okuwçysy «International World Innovative Student Exhibition» (iWISE) atly halkara döredijilik bäsleşigine gatnaşar. Halkara bäsleşik 2 – 7-nji awgust aralygynda Beýik Britaniýanyň we Demirgazyk Irlandiýanyň Birleşen Patyşalygynyň Surreý uniwersitetiniň binýadynda geçiriler.