TÜRKMENISTANYŇ KANUNY«Migrasiýa hakynda» Türkmenistanyň Kanunyna goşmaçalar we üýtgetme girizmek hakynda

I. 2012-nji ýylyň 31-nji martynda kabul edilen «Migrasiýa hakynda» Türkmenistanyň Kanunyna (Türkmenistanyň Mejlisiniň Maglumatlary, 2012 ý., № 1, 41-nji madda; 2013 ý., № 2, 29-njy madda, № 4, 83-nji madda; 2014 ý., № 2, 90-njy madda; 2015 ý., № 1, 38-nji madda; 2016 ý., № 1, 52-nji madda, № 3, 120-nji madda; 2017 ý., № 1, 20-nji we 39-njy maddalar, № 2, 81-nji madda, № 4, 136-njy madda; 2018 ý., № 2, 57-nji madda; 2019 ý., № 4, 78-nji madda; 2020 ý., № 3, 53-nji madda; 2021 ý., № 1, 24-nji madda) şu goşmaçalary we üýtgetmäni girizmeli:

29-njy maddanyň altynjy böleginiň dördünji tesiminden soň şu mazmunly tesimi goşmaly:

«Daşary ýurt döwletlerinde wagtlaýyn bolýan ýa-da hemişelik ýaşaýan Türkmenistanyň raýatlarynyň, özlerine bagly bolmadyk sebäpler boýunça daşary ýurt döwletlerinden Türkmenistana gidip bilmeýän halatlarynda, olaryň hereket ediş möhletleri tamamlanan ýa-da tamamlanýan pasportlarynyň hereket ediş möhletleri Türkmenistanyň Prezidentiniň Karary esasynda uzaldylyp bilner.»;

42-nji maddanyň üçünji böleginde:

birinji tesimde «degişli häkimlikler tarapyndan» diýen sözlerden soň «fiziki we ýuridik şahslaryň ýazmaça ýa-da elektron görnüşinde ýüztutmalary we olaryň ýanyna goşulýan resminamalary esasynda» diýen sözleri goşmaly;

birinji tesimden soň şu mazmunly tesimi goşmaly:

«Bellige alnan raýatlara migrasiýa gullugynyň edaralary we häkimlikler tarapyndan ýazmaça ýa-da elektron görnüşinde bellige alyş şahadatnamalary berilýär.».

II. Şu Kanun resmi taýdan çap edilen gününden herekete girizilýär.

Türkmenistanyň Prezidenti
Gurbanguly BERDIMUHAMEDOW.

Aşgabat şäheri, 2021-nji ýylyň 5-nji iýuny.


Последние новости