Gurban baýramy – hoşmeýillilik we ýagşylyk baýramy

eye
561
Gurban baýramy – hoşmeýillilik we ýagşylyk baýramy

Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň Permany bilen 2021-nji ýylyň 20,21, 22-nji iýulynda Gurban baýramyny bellemek karar edildi. Sahawatly türkmen topragyna Gurban baýramy geldi.

Gadymdan gelýän bu baýram adamlaryň köňlüni päkläp, ýagşylyga çagyrýar.

Döwlet Baştutanymyz watandaşlarymyza gutlagynda her maşgala abadançylyk, jemgyýete asudalyk we agzybirlik arzuw etdi. Üç günläp Watanymyzyň ähli künjeginde baglarda we seýilgählerde dürli dabaralar geçilýär. «Watan» kinokonsert merkezinde baýramçylyk konserti boldy. 

Gurban baýramy – ozaly bilen, maşgala baýramy, her öýde gadyrly  myhmanlar üçin datly tagamlar taýýarlanylýar. Bu hoşmeýilliligiň we mähribanlygyň baýramy, adamlary birleşdirýän baýram.

Tamara Glazunowa

Последние новости