2025-nji ýylyň 17-nji fewralynda Türkmenistanyň Koreýa Respublikasyndaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly Ilçisi B.Durdyýew bilen Ählumumy ýaşyl ösüş institutynyň (GGGI) Assambleýasynyň Prezidenti, Geňeşiniň Başlygy, BMG-niň sekizinji Baş sekretary Pan Gi Munuň arasynda duşuşyk geçirildi.

Şu gün Türkmenistanyň diplomatik işgärleriniň güni mynasybetli, Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynda “Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly: halkara gatnaşyklary berkitmekde diplomatiýanyň orny” atly halkara ylmy maslahat geçirildi.

2025-nji ýylyň 17-nji fewralynda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde Türkmenistanyň adam hukuklaryny goramak we Birleşen Milletler Guramasy bilen hyzmatdaşlykda halkara ynsanperwer hukugyny berjaý etmek ugrundaky işleri barada brifing geçirildi.

Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň ýolbaşçylygynda amala aşyrylýan energiýa strategiýasy halk hojalygynyň öňdebaryjy pudaklaryndan biri bolan nebitgaz toplumyny hemmetaraplaýyn ösdürmäge gönükdirilendir.

Türkmen mugallymlary DARYA SCAFFOLD bäsleşigine gatnaşmaga çagyrylýar. Ol gatnaşyjylara täzeçillik ukyplaryny ýüze çykarmaga, hünär başarnyklaryny artdyrmaga we tassyklamaga hem-de Merkezi Aziýada we Ýewropada ykrarnama eýe bolmaga mümkinçilik berer.
