Ï Italýan dizaýn gününe bagyşlanan çäreler geçirilýär
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Italýan dizaýn gününe bagyşlanan çäreler geçirilýär

view-icon 2678
Italýan dizaýn gününe bagyşlanan çäreler geçirilýär

Italýan dizaýn gününe bagyşlanan çäreleriň çäginde Italiýanyň «Modenese Gastone Interiors Srl» bina içi dizaýn kompaniýasynyň wekili Leandro Skalko Türkmenistanyň Döwlet çeperçilik akademiýasyna baryp gördi. Myhman üçin akademiýanyň muzeýine gezelenç, şeýle hem binagärlik we dizaýn bölümleriniň mugallymlarydyr talyplary bilen duşuşyk geçirildi.

Leandro Skalko ýygnananlar bilen salamlaşyp, Türkmenistana amala aşyran her saparynyň ony haýran galdyrýandygyny aýtdy. Depginli gurulmagy dowam etdirilýän döwrebap binalar onda aýratyn täsir galdyrýar.

– Türkmenistanda häzirki zaman tehnologiýalarynyň adaty binagärlik usullary bilen üstünlikli utgaşdyrylmagyna ýokary baha berýärin, çünki bu häzirki zaman isleglerini kanagatlandyrmaga mümkinçilik berýär. Bina dizaýnynyň hemişe-de türkmen nagyşlarynyň elementlerini öz içine alýandygy aýratyn begendirýär. Bu diňe bir owadan bolmak bilen çäklenmän, eýsem aýratyn mazmuna-da eýedir. Bu bolsa täze nesle ata-babalarynyň mirasyna buýsanç döredýän türkmen halkynyň gadymy taryhy we baýlygy barada gürrüň berýär – diýip, italýan kompaniýanyň wekili nygtady.

Duşuşygyň dowamynda Leandro Skalko 1818-nji ýyldan bäri işleýän «Modenese» kompaniýasy barada wideofilm görkezdi. Ýewropanyň tanymal kompaniýasy ýokary hilli nusgawy italýan agaç öý goşlaryny döretmek we kaşaň ýaşaýyş jaýlar üçin içerki dizaýn taslamalaryny durmuşa geçirmek bilen meşhurdyr.

Talyplarda we mugallymlarda hünär ugurlary bilen baglanyşykly sowallar bermäge mümkinçilik boldy. Olar myhmanyň Aşgabatdaky mebel dükanlaryna baryp görendigi ýa-da görmändigi bilen gyzyklandylar. Leandro Skalko, Türkmenistanda ýerli mebel öndürijileriň barha köpelýändigini, munuň bolsa pudagyň ösmegi üçin oňyn häsiýete eýe bolýandygyny belledi.

Duşuşygyň ahyrynda italýan kompaniýasynyň wekiline Türkmenistanyň Döwlet çeperçilik akademiýasynyň talyplary tarapyndan döredilen ýadygärlik haly sowgatlary gowşuryldy. Ýakyn günlerde myhman Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutyna baryp görer we italýan dizaýny barada okuw sapaklary geçirer.

2025-nji ýylda dünýä dokuzynjy gezek Italýan dizaýnynyň gününi belleýär. Italiýanyň tehniki we döredijilik ösüşlerini, önümçiligi we syýahatçylygy ösdürmäge gönükdirilýän bu çäre «Deňsizlik. Has gowy durmuş üçin dizaýn» şygary astynda geçirilýär. Bu mowzuk XXIV Milan Triennale düşünjesine gabat gelýär we dizaýnyň tapawutlar bilen göreşdäki hem durmuş derejesini ýokarlandyrmakdaky möhüm ornuny görkezýär.

Aşgabatda bu güne bagyşlanan çäreler Italiýanyň Türkmenistandaky ilçihanasynyň başlangyjy bilen ýola goýuldy.