Ýagşygeldi Kakaýew adyndaky Halkara nebit we gaz uniwersitetiniň nebit senagaty fakultetiniň 4-nji ýyl talyby Hallynyýaz Babaýew «GDA-nyň iň gowy talyby – 2024» diýen hormatly ada mynasyp boldy.
Türkmenistanyň nebitgaz ulgamyna degişli ýokary okuw mekdebiniň talyby ýokary ada Gazagystan Respublikasynyň Bilim ministrliginiň goldamagynda «Bilim-orkenieti» milli innowasion ylmy-barlag merkezi tarapyndan guralan «GDA-nyň iň gowy talyby – 2024» diýen halkara bäsleşigine gatnaşmagynyň netijesinde eýe boldy.
Bu bäsleşige Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygynyň, şol sanda Azerbaýjanyň, Russiýanyň, Belarusyň, Gazagystanyň, Özbegistanyň, Täjigistanyň, Türkmenistanyň, Gyrgyzystanyň ylym we bilim edaralarynyň wekilleri gatnaşdylar.
Halkara gözden geçirilişiniň netijeleri boýunça emin agzalary bilimiň, ylymyň, sungatyň we sportuň ösüşine Hallynyýaz Babaýewiň goşandyna ýokary baha berdiler. Türkmenistanyň talyby I derejeli Diplom, «GDA-nyň iň gowy talyby» atly heýkeljik, döşe dakylýan nyşan we GDA döwletleriniň talyplary bilen aragatnaşyk saklamakda hem-de ýaşlar syýasatyny ösdürmekde goşýan goşandy üçin degişli şahadatnama bilen sylaglandy.
Hallynyýaz Babaýewiň gazanan üstünligi ýurdymyzda milli ylym we bilim ulgamyny özgertmäge hem-de yzygiderli kämilleşdirmäge gönükdirilen «Ýaşlar barada döwlet syýasaty hakynda» Türkmenistanyň Kanunyna laýyklykda, şeýle hem «Türkmenistanyň ýaşlarynyň halkara hyzmatdaşlygynyň 2023 – 2030-njy ýyllar üçin Strategiýasyny» durmuşa geçirmegiň çäklerinde alnyp barylýan toplumlaýyn işleriň netijelidiginiň nobatdaky aýdyň subutnamasyna öwrüldi.
Ýokary derejeli hünärmenleriň ýaş neslini taýýarlamak, ýokary bilim almak, ylmy kuwwaty ösdürmek, ýaşlaryň döwletiň ykdysady, syýasy we medeni durmuşyna, dürli halkara taslamalaryna işjeň gatnaşmagy üçin giň mümkinçilikleri döretmek Türkmenistanyň syýasatynyň hemişelik möhüm ileri tutulýan ugurlary bolup durýar.