
Şu gün paýtagtymyzdaky Olimpiýa şäherçesiniň Başa-baş söweş sungaty sport toplumynda Ýewropa we Aziýa ýurtlarynyň 13-sinden türgenleriň gatnaşmagynda geçirilen sportuň milli we guşakly alyş göreşi boýunça halkara ýaryş milli sportumyzyň nobatdaky üstünligi bilen tamamlandy. Bu ýaryş 2024-nji ýylyň maýynda GDA-nyň Hökümet Baştutanlarynyň Geňeşiniň mejlisinde Aşgabadyň «Arkalaşygyň täze sport mümkinçilikleriniň şäheri» diýlip yglan edilmegine bagyşlanan çäreleriň maksatnamasynyň çäklerinde geçirildi.

2025-nji ýylyň 24-nji aprelinde Gruziýanyň Suhumi döwlet uniwersitetiniň Magtymguly Pyragy otagynda Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly hem-de Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň 30 ýyllygy mynasybetli “Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň 30 ýyllygy: parahatçylygyň we ynanyşmagyň hatyrasyna hyzmatdaşlyk” atly tegelek stol geçirildi. Çäräni Türkmenistanyň Gruziýadaky Ilçihanasy gurady.

2025-nji ýylyň 24-nji aprelinde Türkmenistanyň hem-de Katar Döwletiniň Daşary işler ministrlikleriniň arasynda kiberhowpsuzlyk boýunça wideoaragatnaşyk arkaly duşuşyk geçirildi.

Lebap welaýat medeniýet müdirliginiň hem-de Türkmenistanyň suratkeşler birleşiginiň welaýat şahamçasynyň bilelikde guramaklarynda Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly mynasybetli Gahryman Arkadagymyzyň paýhas ummanyndan dörän, türkmen halkynyň şöhratly taryhy we ýadygärlikleri barada baý maglumatlary özünde jemleýän «Hakyda göwheri» atly ajaýyp kitaby esasynda simpozium geçirildi.

2025-nji ýylyň 23-nji aprelinde Gruziýa saparynyň çäklerinde Türkmenistanyň Mejlisiniň wekiliýetiniň agzalarynyň bu ýurduň Daşary işler ministrliginde ministriň orunbasary A.Hwtisiaşwiliniň bilen duşuşygy geçirildi.
