«Arkadag» futbol topary Türkmenistanyň 2026-njy ýylyň Ýokary ligasynyň çempionatyndaky çykyşyny täsirli netijeler bilen tamamlady. Topar geçirilen 28 duşuşygyň ählisinde ýeňiş gazanyp, möwsümi 100 göterim netije bilen jemledi.
Milli çempionatyň 27-nji tapgyrynyň çäginde yza süýşürilen «Aşgabat» we «Arkadag» toparlarynyň arasyndaky duşuşyk paýtagtymyzdaky «Nusaý» stadionynda geçirildi. Oýnuň dowamynda «Arkadag» futbol topary 2:0 hasabynda ýeňiş gazandy. Duşuşygyň 38-nji minudynda Şanazar Tirkişow hasaby açdy, 52-nji minutda bolsa Meýlis Diniýew toparynyň artykmaçlygyny has-da berkitdi.
Mundan öň dördünji gezek Türkmenistanyň çempiony diýen ada mynasyp bolan «Arkadag» futbol topary üçin bu duşuşyk 2026-njy ýylyň milli çempionatyndaky soňky oýun boldy. Wladimir Baýramowyň tälim berýän topary içerki çempionatyň dowamynda garşydaşlarynyň derwezesinden 112 pökgi geçirip, öz derwezesine 13 pökgi goýberdi.
Çempion topar Ýokary ligadaky çykyşyny tamamlasa-da, baýrakly orunlar ugrunda bäsleşik dowam edýär. Ikinji orny eýeleýän «Altyn asyr» futbol topary 26 duşuşykdan soň 56 utuk toplady. 25 oýunda 49 utuk gazanan «Ahal» futbol topary bolsa üçünji orunda barýar. Çempionatyň tamamlanmagyna «Altyn asyr» topary üçin ýene-de iki, «Ahal» topary üçin bolsa üç duşuşyk galdy.
Ýurdumyzda geçirilýän çempionatdaky çykyşyny tamamlan «Arkadag» futbol toparynyň futbolçylary indi AFK-nyň 2-nji Çempionlar ligasynyň toparçalaýyn tapgyrynyň jemleýji duşuşyklaryna taýýarlyk görmäge mümkinçilik aldylar. 25-nji noýabrda Wladimir Baýramowyň tälim berýän topary Bahreýniň «Al-Muharrak» toparynyň garşysyna myhmançylykda çykyş ederler. 9-njy dekabrda bolsa öz meýdançasynda Birleşen Arap Emirlikleriniň «Al-Jazira» toparyny kabul ederler.
Türkmenistanyň çempionatynyň 27-nji tapgyrynyň beýleki duşuşyklarynda «Köpetdag» topary «Merw» topary bilen, «Nebitçi» topary «Ahal» topary bilen, «Şagadam» topary bolsa «Altyn asyr» topary bilen duşuşar.