03.06.2026
4268
Ankara şäherinde Türkmenistanyň Türkiýedäki Ilçihanasy welosipedli ýörüşi gurnady
2026-njy ýylyň 3-nji iýunynda Türkmenistanyň Türkiýe Respublikasyndaky Ilçihanasy tarapyndan Bütindünýä welosiped güni hem-de Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 35 ýyllygy mynasybetli sport çäreleri geçirildi.
03.06.2026
4070
Türkmenistanyň wekiliýeti Baku Energiýa hepdeligine gatnaşýar
Azerbaýjan Respublikasynyň Baku şäherinde 2026-njy ýylyň 1-3-nji iýuny aralygynda geçirilýän Energiýa hepdeligi (Baku Energy Week) iri energetika çäresine “Türkmengaz” döwlet konserniniň başlygynyň orunbasary Kemal Durdyýewiň ýolbaşçylygyndaky wekiliýet gatnaşýar. Bu çäre däp bolan nebit-gaz pudagy bilen bir hatarda, ýaşyl energiýa we energiýa howpsuzlygy meselelerini öz içine alýar.
03.06.2026
4108
Robot tehnikasy: Maryda ýaş zehinleriň bäsleşigi jemlendi
Türkmenistanyň Bilim ministrliginiň hem-de Türkmenistanyň Döwlet energetika institutynyň bilelikde guramagynda «Ýaşlaryň arasynda robot tehnikasy» boýunça bäsleşigiň jemleýji tapgyry geçirildi. Çekeleşikli geçen bäsleşige ýurdumyzyň dürli künjeklerinden innowasion tehnologiýalara gyzyklanma bildirýän ýaşlaryň 140-a golaýy gatnaşdy.
03.06.2026
3727
Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistanyň halkyna
Sizi sagdynlygyň we ruhubelentligiň halkara baýramy — Bütindünýä welosiped güni bilen tüýs ýürekden gutlaýaryn.
03.06.2026
3991
Türkmenistanyň Prezidenti hormatly Serdar Berdimuhamedowa
Sizi sagdynlyk, raýdaşlyk, dostluk, ynsanperwerlik ýörelgelerine ygrarlylygy alamatlandyrýan sene — Bütindünýä welosiped güni mynasybetli türkmen halkynyň hem-de Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň adyndan tüýs ýürekden gutlaýaryn.
02.06.2026
3130
Hormatly Prezidentimiziň adyna gelen hatlar
Mukaddes Gurban baýramy mynasybetli Siziň Alyhezretiňize we Türkmenistanyň dostlukly halkyna tüýs ýürekden gutlaglarymy hem-de iň gowy arzuwlarymy beýan edýärin.
02.06.2026
8862
“Türkmenistanyň 2026 — 2030-njy ýyllar üçin Milli tokaý maksatnamasy” tassyklanyldy
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe daşky gurşawy goramak boýunça döwlet syýasatynyň hukuk esaslaryny pugtalandyrmak, howanyň üýtgemeginiň täsirini azaltmak babatda işleriň esasy ugurlaryny kesgitlemek, ekoulgamlaryň we tokaý hojalygynyň bu ýagdaýlara durnuklylygyny ýokarlandyrmak, şeýle hem “Howanyň üýtgemegi barada Türkmenistanyň Milli strategiýasyny” üstünlikli durmuşa geçirmek maksady bilen, Türkmenistanyň Prezidenti Karara gol çekdi.
02.06.2026
7600
“Türkmenistany temmäkiden azat ýurda öwürmek boýunça 2026 — 2030-njy ýyllar üçin Milli maksatnama” tassyklanyldy
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ilatyň ruhy we beden taýdan sagdynlygyny gazanmak, temmäkä garşy göreşmek, raýatlaryň saglyk ýagdaýyny has-da gowulandyrmak, abadançylygyny ýokarlandyrmak, adamyň ömrüniň dowamlylygyny artdyrmak, bu ugurda netijeli we toplumlaýyn çäreleri durmuşa geçirmek maksady bilen, Türkmenistanyň Prezidenti Karara gol çekdi. Resminama laýyklykda, “Türkmenistany temmäkiden azat ýurda öwürmek boýunça 2026 — 2030-njy ýyllar üçin Milli maksatnama” hem-de şu maksatnamany amala aşyrmak boýunça ýerine ýetirilmeli çäreleriň meýilnamasy tassyklanyldy.
02.06.2026
5444
Ykdysady we ruhy galkynyşyň belent sepgitlerine tarap
Geçen hepde parahatçylyk, döredijilik we ösüş ýoly bilen ynamly öňe barýan Watanymyzyň gazanýan üstünliklerini aýdyň şöhlelendirýän möhüm wakalara baý boldy.
02.06.2026
4094
Döwletliler köşgüniň çagalaryna welosipedler gowşuryldy
Paýtagtymyzdaky Döwletliler köşgünde terbiýelenýän we häzirki döwürde Gökderedäki «Çynar» çagalar dynç alyş merkezinde wagtyny şadyýan geçirýän ýaşlara Gahryman Arkadagymyzyň hem-de Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň adyndan welosipedler gowşuryldy.