Ï Döwletliler köşgüniň çagalaryna welosipedler gowşuryldy
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Döwletliler köşgüniň çagalaryna welosipedler gowşuryldy

view-icon 102
Döwletliler köşgüniň çagalaryna welosipedler gowşuryldy

Paýtagtymyzdaky Döwletliler köşgünde terbiýelenýän we häzirki döwürde Gökderedäki «Çynar» çagalar dynç alyş merkezinde wagtyny şadyýan geçirýän ýaşlara Gahryman Arkadagymyzyň hem-de Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň adyndan welosipedler gowşuryldy. Bu waka ýurdumyzda giňden bellenilýän Bütindünýä welosiped güni mynasybetli guralýan çäreleriň many-mazmun taýdan has-da baýlaşmagyny şertlendirdi.

Ýaş nesiller, olaryň sazlaşykly ösüşi we bagtyýar durmuşynyň üpjün edilmegi ugrundaky hemmetaraplaýyn alada hormatly Prezidentimiziň döwlet syýasatynyň esasy ugurlarynyň biridir. Şunda çagalara döwrebap bilim bermek, olaryň watançylyk, zähmetsöýerlik ruhunda terbiýelenmegi bilen baglanyşykly meseleleriň çözülmegine uly ähmiýet berilýär. Munuň özi ýurdumyzda kämil şahsyýetleriň kemala gelmegi ugrunda edilýän tagallalaryň aýdyň netijesidir.

...“Çynar” çagalar dynç alyş merkezinde baýramçylyk ýagdaýy emele geldi. Döwletliler köşgüniň bu ýerde dynç alýan we saglygyny berkidýän çagalaryna Gahryman Arkadagymyzyň hem-de Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň adyndan welosipedler gowşuryldy. Bu çäre şatlykly wakalara, ýatda galyjy pursatlara baý boldy.

Gaznanyň wise-prezidenti R.Bazarow dabaranyň dowamynda eden çykyşynda ýurdumyzda ýagşy arzuwlaryň hasyl bolýandygyny, çagalara aýratyn üns bermegiň, olar barada çäksiz alada etmegiň halkymyzyň mizemez ýörelgesidigini aýdyp, “Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany” ýylynda Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň tagallalary bilen bu ugurdaky işleriň giň gerime eýe bolýandygyna ünsi çekdi. Ýurdumyzda ruhubelentlikde bellenilýän, sportuň, sagdynlygyň we bagtyýarlygyň baýramy bolan Bütindünýä welosiped güni mynasybetli Milli Liderimiziň hem-de Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň adyndan Döwletliler köşgüniň ýaşlaryna welosipedleriň sowgat hökmünde gowşurylmagy hem ýaşlaryň sagdyn bedenli, gujur-gaýratly, durmuşa höwesli bolup ýetişmegine itergi berer.

Sapaly künjekde wagtyny şadyýan geçirýän çagalar üçin bu sowgat aýratyn ähmiýetlidir. Bagtyýar çagalara täze welosipedleriň ýurdumyzyň başlangyjy esasynda Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň degişli Kararnamasy bilen 3-nji iýunda bellenilýän Bütindünýä welosiped gününiň öňüsyrasynda gowşurylmagy özboluşly mana eýedir. Welosipedleri buýsanç duýgulary bilen kabul eden çagalar özleri baradaky atalyk aladalary üçin Gahryman Arkadagymyza we Arkadagly Gahryman Serdarymyza çuňňur hoşallyklaryny beýan etdiler.

Mälim bolşy ýaly, 2019-njy ýylda-da Milli Liderimiz çuňňur hormatyň hem-de milli we halkara sport hereketini ösdürmäge goşan uly goşandynyň ykrar edilmeginiň nyşany hökmünde özüne sowgat berlen welosipedleri Döwletliler köşgünde terbiýelenýän çagalara gowşurypdy. Munuň özi Gahryman Arkadagymyzyň Watanymyzyň geljegi bolan ýaş nesiller hakyndaky atalyk aladasynyň aýdyň nyşanydyr.

Bu ýerde ýaýbaňlandyrylan aýdym-sazly çykyşlar döwlet derejesindäki alada çäksiz hoşallygyň beýanyna öwrüldi. Bagtyýar çagalar häzirki döwürde Arkadagly Gahryman Serdarymyz tarapyndan alnyp barylýan durmuş ugurly syýasatyň netijesinde Watanymyzyň bagtyýar çagalygyň we ruhubelentligiň ýurdy hökmünde ykrar edilýändigini buýsanç bilen bellediler.

Häzirki wagtda ýaş nesilleriň, şol sanda Döwletliler köşgünde terbiýelenýänleriň dynç alyş merkezlerinde wagtyny şadyýan geçirmekleri, çagalaryň öňdebaryjy enjamlar, interaktiw-multimedia tehnologiýalary bilen üpjün edilen mekdeplerde, mekdebe çenli çagalar edaralarynda bilim-terbiýe almaklary, çeper döredijilik bilen meşgullanmaklary üçin ähli zerur şertler döredilýär. Çagalaryň we ýaşlaryň köpçülikleýin bedenterbiýe-sagaldyş, sport hereketine işjeň gatnaşmagy bilen baglanyşykly meseleler döwletimiziň hemişelik üns merkezinde saklanýar. Şunuň bilen baglylykda, Döwletliler köşgünde terbiýelenýänlere gowşurylan sowgatlar hem olaryň sportuň dünýäde meşhur görnüşleriniň biri bolan welosport bilen yzygiderli meşgullanmagyna mümkinçilik berer.

Sowgatlary kabul eden ýaş nesiller ýurdumyzyň ähli çagalaryny atalyk aladasy bilen gurşap alýan Gahryman Arkadagymyza hem-de Arkadagly Gahryman Serdarymyza tüýs ýürekden alkyş aýtdylar.