Ï Hormatly Prezidentimiziň adyna gelen hatlar
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Hormatly Prezidentimiziň adyna gelen hatlar

view-icon 74

Onuň Alyhezreti,
Türkmenistanyň Prezidenti
jenap Serdar Berdimuhamedowa

Mukaddes Gurban baýramy mynasybetli Siziň Alyhezretiňize we Türkmenistanyň dostlukly halkyna tüýs ýürekden gutlaglarymy hem-de iň gowy arzuwlarymy beýan edýärin. Gudraty Güýçli Allatagaladan tutuş musulman ymmatynyň abadançylyk, parahatçylyk ugrundaky bilelikdäki tagallalaryny goldamagyny dileýärin.

Siziň Alyhezretiňize berk jan saglyk, rowaçlyk arzuw edýärin hem-de ýurtlarymyzyň arasyndaky gatnaşyklaryň mundan beýläk-de okgunly ösdüriljekdigine ynanýaryn.

Tüýs ýürekden hormatlamak bilen,

Abdel Fattah Al-Sisi,
Müsür Arap Respublikasynyň Prezidenti.

***

Onuň Alyhezreti,
Türkmenistanyň Prezidenti
jenap Serdar Berdimuhamedowa

Siziň Alyhezretiňiz, jenap Prezident!

Siziň Alyhezretiňize hut öz adymdan, şeýle hem Yslam Hyzmatdaşlyk Guramasynyň Sekretariatynyň, institutlarynyň işgärleriniň adyndan mübärek Gurban baýramy mynasybetli tüýs ýürekden gutlaglarymy, iň gowy arzuwlarymy ibermegi özüme mertebe hasaplaýaryn. Gudraty Güýçli Allatagaladan Türkmenistana gülläp ösüş we rowaçlyk, musulman ymmatyna bolsa parahatçylyk, abadançylyk dileýäris.

Siziň Alyhezretiňize tüýs ýürekden hormat goýýandygym baradaky ynandyrmalarymy kabul etmegiňizi haýyş edýärin.

Hisseýn Brahim Taha,
Yslam Hyzmatdaşlyk Guramasynyň Baş sekretary.