Bahar paslynyň gelip, ýere ýyly gitmegi bilen daýhanlaryň aladasy artýar. Ak ekinlere ideg işleri bilen birlikde ýere tohum oklamak, şol sanda ýurdumyzyň esasy baýlyklarynyň biri bolan pagtanyň bol hasylyny almak maksady bilen gowaça ekişini ýokary hil derejesinde geçirmeklik baş wezipeleriň biri bolup durýar.

«Arkadag» toparynyň oýunçylary çärýek finalda Hindistanyň «Ist Bengal» toparyny ýeňip, AFK-nyň Çagyryş ligasynyň ýarymfinalyna çykdylar.

2025-nji ýylyň 12-nji martynda Türkmenistanyň DIM-nde Türkmenistanyň Daşary işler ministriniň orunbasary Mähri Bäşimowa bilen Gyzyl Haç we Gyzyl Ýarymaý jemgyýetleriniň Halkara federasiýasynyň Ýewropa boýunça Sebitleýin direktory Briggita Bişof Ebbeseniň arasynda duşuşyk geçirildi.

2025-nji ýylyň 12-nji martynda Türkmenistanyň Daşary işler ministri Raşid Meredow bilen Türkmenistana sapar bilen gelen Halkara hyzmatdaşlygy boýunça Ýewropa komissary Ýozef Sikelanyň arasynda duşuşyk geçirildi.

Türkmen tennisçileri Türkiýäniň Antalýa welaýatynyň üçünji uly şäheri bolan Manawgat şäherinde geçýän dünýä toparlaýyn çempionatynda çärýek finala çykdy.
