Ï BMG-niň Ýewropa ykdysady komissiýasy maslahat geçirýär
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

BMG-niň Ýewropa ykdysady komissiýasy maslahat geçirýär

view-icon 1219
BMG-niň Ýewropa ykdysady komissiýasy maslahat geçirýär

«Awaza» milli syýahatçylyk zolagyndaky «Deňiz» myhmanhanasynda söwda, ulag we maglumat alyş-çalşygy mümkinçiliklerini artdyrmak işlerini ýönekeýleşdirmek boýunça 18-nji halkara maslahat geçirilýär.

Bu maslahat Birleşen Milletler Guramasynyň Ýewropa ykdysady komissiýasy we Birleşen Milletler Guramasynyň Merkezi Aziýa ýurtlary üçin ýörite maksatnamasy tarapyndan ýola goýuldy. Iki gün dowam etjek çärä «Türkmendeňizderýaýollarynyň», «Türkmendemirýollarynyň», «Türkmenawtoulaglarynyň», «Türkmenaragatnaşygyň», «Türkmenhowaýollarynyň», Türkmenistanyň Döwlet gümrük gullugynyň, şeýle hem BMG-niň Merkezi Aziýa ýurtlary üçin Ýörite maksatnamasyna agza ýurtlaryň wekilleri gatnaşýar.

Maslahata gatnaşyjylar Hytaý, Gazagystan, Hazar deňzi, Azerbaýjan, Gruziýa, Türkiýe we Ýewropa ýurtlaryna geçýän Hazaraşa halkara ulag ýolunyň çäginde ýük daşamak barada maglumat alyşmak meselesini ara alyp maslahatlaşýarlar. Tanyşdyryşyň barşynda maglumat alyş-çalşygynyň Birleşen Milletler Guramasynyň Söwda amallaryny ýönekeýleşdirmek we elektron telekeçilik amallary boýunça merkeziniň ülňülerine laýyk gelmelidigi nygtaldy.

Ol BMG-niň ÝYK-synyň kömekçi, hökümetara guramasy bolup, söwda we telekeçi, hem elektron işewür amallary öz içine alýan standartlary ýeňilleşdirmek boýunça teklipleri sazlaýjy halka bolup durýar.