Ï Ýokary hilli tohum – bol hasylyň girewi
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Ýokary hilli tohum – bol hasylyň girewi

view-icon 1344
Ýokary hilli tohum – bol hasylyň girewi

Bahar paslynyň gelip, ýere ýyly gitmegi bilen daýhanlaryň aladasy artýar. Ak ekinlere ideg işleri bilen birlikde ýere tohum oklamak, şol sanda ýurdumyzyň esasy baýlyklarynyň biri bolan pagtanyň bol hasylyny almak maksady bilen gowaça ekişini ýokary hil derejesinde geçirmeklik baş wezipeleriň biri bolup durýar. 

Ýurdumyzyň Gündogar sebitinde şu oba hojalyk ýylynda 130 müň gektar ýere gowaça ekip, ondan bol pagta hasylyny almaklyk meýilleşdirilýär. Ýerden bol hasyl almaklygyň ilkinji şertleriniň biri hem ekiniň kadaly gögerişini gazanmakdyr. Onuň üçin bolsa, ilkinji nobatda yzgarly mes toprak bilen ýokary hasyl berýän, sebitiň toprak-howa şertlerine laýyk gelýän ýokary hasyl berýän tohum zerurdyr. 

Şu maksat bilen welaýatyň ähli etraplarynda gowaça ekişi möwsümine taýýarlygyň çäklerinde kuwwatly tehnikalar we ekin meýdanlary bilen birlikde tohumlyk gowaça çigidini taýýarlamak işleri hem aýratyn üns merkezinde saklanylýar. Welaýat boýunça pagta arassalaýjy zawodlaryň 11 sanysy hereket edip, olaryň ählisinde hem ekiş möwsümi üçin tohumlyk gowaça çigitleri taýýarlanylýar. Sebitde şu şu möwsümde jemi 11 müň 393,5 tonna tohumlyk gowaça çigidini taýýarlamak we 97 müň 5 gektar ýere adaty tohum, 32 müň 995 gektar ýere hem takyk ekijilere niýetlenen, daşynyň tüýjümek bardasy aýrylan gowaça tohumyny ekmeklik meýilleşdirilýär. 

2015-nji ýylda açylyp ulanylmaga berlen, bir ýylda 40 müň tonna pagtany gaýtadan işläp, ýokary hilli gowaça çigidini taýýarlamaga niýetlenen häzirkizaman tehnologiýalary bilen üpjün edilen Saýat etrabynyň Garabekewül pagta arassalaýjy kärhanasynda işleriň has göwnejaý guralandygyny belläp geçmek bolar. Bu ýerde adaty ekijilere niýetlenen gowaça çigitleri bilen birlikde, takyk ekijiler üçin daşky tüýjümek bardasy aýrylan tohumyň taýýarlanmagy, gögerip çykan gowaçanyň kesellemegine hem-de haşal otlara garşy ýörite himiki serişdeler bilen işlenilmegi tygşytlylyk taýdan we gowaçalara ideg işlerini ýeňilleşdirmekde has amatlydyr. 

Şu oba hojalyk möwsüminde toprak-howa şertlerine laýyklykda welaýatyň etraplarynda 66 müň 562 gektar ýerde gowaçanyň «S-2606», 41 müň 812 gektar hem-de 19 müň 924 gektar ýerde degişlilikde «Ýolöten-39» we «Ýolöten-7» sortlary, 948 hem-de 754 gektar meýdanda hem «Garaşsyzlyk-30», we «Ýolöten-53» görnüşlerini ekmeklik meýilleşdirilýär. Ýurdumyzyň Gündogar sebitinde gowaça ekişine taýýarlyk işleriniň gyzgalaňly alnyp barylmagy jogapkärli möwsümiň ýokary hil derejesinde geçiriljekdigine şaýatlyk edýär.