Şu gün häzirki zaman binagärlik aýratynlyklaryny özünde jemleýän Arkadag şäherinde Hytaý Halk Respublikasynyň Hançžou Dýanszi uniwersitetiniň bu şäheriň ekologik taýdan arassalygyny alamatlandyrýan Üstünlik güwänamasynyň gowşurylmagy mynasybetli dabara geçirildi.

2025-nji ýylyň 13-nji martynda Türkmenistanyň DIM-de şu ýylyň ýanwarynda Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň degişli Karary bilen tassyklanan Türkmenistanda adam söwdasyna garşy hereket etmek boýunça 2025–2029-njy ýyllar üçin Hereketleriň milli meýilnamasynyň tanyşdyrylyş çäresi geçirildi.

2025-nji ýylyň 12-nji martynda Stambul şäherinde ýerleşýän Türki Döwletleriň Guramasynyň (TDG) sekretariatynyň binasynda TDG-niň guramasynyň Utgaşdyryjy komitetiniň 5-nji mejlisi geçirildi. Çärä Türkmenistanyň Türkiýe Respublikasyndaky Ilçisi M.Işangulyýew gatnaşdy.

80 ýyl mundan ozal adamzadyň ähli meselelerini çözmekde möhüm binýat hökmünde halkara parahatçylygy we howpsuzlygy goldamak maksady bilen, Birleşen Milletler Guramasy döredildi. Gurama gapma-garşylyklaryň öňüni almak, taraplaryň özara ylalaşygyna, parahatçylyk döredijilikli işleri alyp barmagyna ýardam bermek, parahatçylygyň berkidilmegi üçin şertleri döretmek arkaly öňde goýlan maksatlara ýetmek ugrunda tagalla edýär.

Bahar paslynyň gelip, ýere ýyly gitmegi bilen daýhanlaryň aladasy artýar. Ak ekinlere ideg işleri bilen birlikde ýere tohum oklamak, şol sanda ýurdumyzyň esasy baýlyklarynyň biri bolan pagtanyň bol hasylyny almak maksady bilen gowaça ekişini ýokary hil derejesinde geçirmeklik baş wezipeleriň biri bolup durýar.
