Ýurdumyzyň Balkan welaýatynyň Balkanabat şäherindäki «Türkmeniň ak öýi» binasynda Monte-Karloda geçirilen 47-nji halkara sirk sungaty festiwalynda baş baýraga mynasyp bolan «Galkynyş» milli at üstündäki oýunlar toparynyň gyzykly, şowhunly göçme çykyşlary dowam edýär. Bu özboluşly baýramçylygy Türkmenistanyň Döwlet sirkiniň we Arkadag şäheriniň Görogly adyndaky döwlet atçylyk sirkiniň birleşen toparlary bilelikde guraýarlar.

Şu gün paýtagtymyzdaky “Ýyldyz” myhmanhanasynda Ýewropa Bileleşiginiň we Merkezi Aziýa döwletleriniň daşary syýasat edaralarynyň ýolbaşçylarynyň nobatdaky duşuşygy geçirildi.

2025-nji ýylyň 26-njy martynda Moskwa şäherinde M.I.Rudomino adyndaky daşary ýurt edebiýaty kitaphanasynda Türkmenistanyň Bitaraplygynyň 30 ýyllygy mynasybetli Türkmenistanyň Russiýa Federasiýasyndaky Ilçihanasynyň guramagynda kitap sergisi geçirildi.

2025-nji ýylyň 25-26-njy martynda Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň Prezidenti Allaberdi Aşirow ÝUNESKO-nyň Pariž şäherindäki edara binasynda geçirilen Ylmy diplomatiýa boýunça global ministrler dialogyna gatnaşdy.

Hytaýyň «Sinhua» habarlar agentliginiň (Astana) žurnalistleri Türkmenistanyň paýtagtyna iş saparynyň çäginde 26-njy martda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynyň Strategik derňewler ylmy merkeziniň işgärleri bilen duşuşdy.
