Ï Türkmenistan we Ermenistan bilim ulgamynda hyzmatdaşlygy giňeltmegiň mümkinçiliklerini ara alyp maslahatlaşdylar
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Türkmenistan we Ermenistan bilim ulgamynda hyzmatdaşlygy giňeltmegiň mümkinçiliklerini ara alyp maslahatlaşdylar

view-icon 1151
Türkmenistan we Ermenistan bilim ulgamynda hyzmatdaşlygy giňeltmegiň mümkinçiliklerini ara alyp maslahatlaşdylar

26-njy martda Ýerewanda geçirilen Türkmenistan bilen Ermenistanyň arasynda ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça hökümetara toparynyň 10-njy mejlisiniň çäklerinde Türkmenistanyň bilim ministriniň orunbasary Azat Ataýew dostlukly döwletiň esasy bilim edaralaryna baryp gördi.

Sapar bilimiň innowasion nusgalaryny öwrenmäge, tejribe alyşmaga hem-de geljekki hyzmatdaşlyk üçin mümkinçilikleri gözlemäge gönükdirilendir.

Ilki bilen «TUMO» kreatiw tehnologiýalar merkezine barlyp görüldi, bu merkez 12 – 18 ýaş aralygyndaky ýetginjekler üçin tölegsiz goşmaça bilimiň özboluşly nusgasy bolmagy bilen meşhurdyr. Ol sanly başarnyklary ösdürmek we geljege niýetlenilen ugurlar üçin möhüm serişdedir. Onuň işi animasiýa, oýunlary işläp taýýarlamak, web-işläp taýýarlamalar, programma düzmek, robottehnikasy hem-de täze media ýaly ugurlar bilen birlikde STEM (ylym, tehnologiýalar, inženeriýa, matematika) ulgamynda sapakdan daşary okatmaga gönükdirilendir. Maksatnama özbaşdak öwrenmek, ussatlyk sapaklar we barlaghana taslamalar ýörelgelerinde gurnalandyr, bu bolsa ýetginjeklere okuw ugurlaryny özbaşdak saýlamaga mümkinçilik berýär.

Türkmen tarapy şeýle çemeleşmä, aýratyn-da, ýaşlary sanly ykdysadyýetiň talaplaryna laýyk taýýarlamak babatda gyzyklanma bildirdi. Türkmenistan üçin talyplaryň arasynda tehnologiýa taýdan sowatlylyk derejesini ýokarlandyrmak ugrunda şeýle maksatnamalara uýgunlaşmak boýunça mümkinçilikler ara alnyp maslahatlaşyldy.

Soňra ministriň orunbasary Milli hünär bilimi we okuw ösüşi (NCVETD) merkezine bardy. Merkez Ermenistanda hünär bilimi ulgamyny özgertmekde möhüm orun eýeleýär. Ol kwalifikasiýa çäklerini işläp taýýarlamak, hile baha bermek, maksatnamalary akkreditasiýa etmek hem-de işgärleri taýýarlamak bilen meşgullanýar.

NCVETD şeýle hem, WorldSkills International-da, hünär başarnyklary boýunça bäsleşikleri geçirýän guramasynda Ermenistana wekilçilik edýär. Merkez bilimiň anyk ykdysady zerurlyklara ýakynlaşmagyna uly goşant goşýar.

Taraplaryň maslahatlaşmalarynda ikitaraplaýyn bilime, zähmet bazarynyň talaplarynyň çaklamalaryna hem-de hususy ulgam bilen hyzmatdaşlyga aýratyn üns berildi. Şeýle çemeleşmeleriň, aýratyn-da, hususy ulgam bilen hyzmatdaşlyk etmek şertlerinde hünär bilimini özgertmek üçin Türkmenistana esas bolup biljekdigi bellenildi.

Şeýle hem Azat Ataýew Ermenistanyň milli inženerçilik barlaghanalaryna (ANEL) – Ermenistanyň milli politehniki uniwersitetiniň ýanynda ýerleşen öňdebaryjy tejribeler merkezine bardy. Merkeziň esasy maksady inženerçilik senagatynyň ermeni ýokary tehnologiýa kompaniýalarynyň goşulan bahanyň gymmatyny we täzeçilligi artdyryp bilýän ýokary hünärli işgärlere bolan isleglerini kanagatlandyrmakdan ybaratdyr. 2013-nji ýylda esaslandyrylan ANEL ýokary tehnologiýaly pudaklar üçin hünärmenleri taýýarlamaga gönükdirilen döwrebap okuw hem-de ylmy-barlag barlaghanalarynyň 30-syny özünde jemleýär.

Barlaghanalar ýokary takyklykdaky barlaglary geçirmek üçin häzirkizaman enjamlar bilen üpjün edilipdir, şeýle hem halkara derejesinde sertifikatlaşdyrmak (mysal üçin, CLAD, CLD, CLA) bilen birlikde 50-den gowrak ugurlar boýunça esasy, öňdebaryjy hem-de ýöriteleşdirilen okuwlary hödürleýär. ANEL bilen maslahatlaşmalarda inženerçilik biliminde, ylmy barlaglarda we innowasiýalarda tejribe alyşmaga üns jemlenildi.

Saparlaryň dowamynda edaralaryň ýolbaşçylary hem-de işgärleri bilen netijeli maslahatlaşmalar geçirildi, geljekde hyzmatdaşlyk etmek üçin mümkinçilikler seljerildi. Teklip edilen ugurlaryň hatarynda talyplary alyşmak, bilelikdäki barlag taslamalary hem-de bilim we okatmak babatda iň oňat tejribelere uýgunlaşmak ýaly ulgamlar bar.

Geçirilen duşuşyklar Türkmenistan bilen Ermenistanyň bilim edaralarynyň arasynda, aýratyn-da, inženerçilik barlaglar hem-de ýokary tehnologiýaly pudaklar üçin işgärleri taýýarlamak babatda aragatnaşyklary pugtalandyrmak üçin täze mümkinçilikleri açdy. Şeýle duşuşyklar bilim ulgamlarynyň özara bähbitli ösüşine ähmiýet bermek arkaly Türkmenistan bilen Ermenistanyň arasynda ösýän hyzmatdaşlygy ýüze çykarýar.