Birleşen Milletler Guramasynyň Türkmenistandaky Ilat gaznasy bölümi milli hyzmatdaşlaryny guramanyň 2026 – 2030-njy ýyllar üçin ýurt meýilnamasy bilen tanyşdyrdy.
Bu maksatnama 2024-nji ýylda geçirilen birnäçe maslahat duşuşygyndan soň milli hyzmatdaşlar bilen ýakyn hyzmatdaşlykda işlenip düzüldi. Ol ÝUNEFPA-nyň geljek bäş ýylda ýurtda alyp barjak işleriniň ileri tutulýan ugurlaryny kesgitleýär. Bu resminama Türkmenistanyň ilatynyň milli ileri tutulýan ugurlaryna we zerurlyklaryna laýyk gelýär.
ÝUNFPA-nyň Türkmenistandaky ýurt boýunça müdiri Çinwe Ogbonna ÝUNFPA-nyň Türkmenistan hökümetiniň goldawy bilen Durnukly ösüş maksatlaryna ýetmek ugrundaky herekete ygrarlydygyny aýtdy. Ol Maksatnamanyň bilelikdäki tagallalar arkaly Türkmenistanyň ilatynyň abadançylygyny artdyrmaga saldamly goşant goşjakdygyna ynam bildirdi.