65 ýaşynyň dolmagy mynasybetli Türkmenistanyň Medeniýet ministrliginiň Sergi merkezinde nakgaş Orazgylyç Öwezowyň şahsy sergisi açyldy.
Orazgylyç sergide 150 töweregi özboluşly işlerini görkezdi. Olaryň ýaryna golaýy galamda ýa-da reňklerde çekilen portretlerdir. Awtoryň aýtmagyna görä, ol Türkmenistanyň halk suratkeşi, ussat portretçi Durdy Baýramowyň şägirdi. Orazgylyç Öwezow onlarça ýyllap dogan-garyndaşlarynyň, tanyşlarynyň we olaryň tanyşlarynyň portretlerini çekdi. Netijede dürli ýaşdaky we häsiýetli portretleriň tutuş galereýasy döredi.
Suratlaryň beýleki ýarysy suratkeşiň soňky bäş ýylda ekspressionizm stiline içgin gyzyklanmasyndan dörän suratlardyr. Bu usulda ilkinji işleriniň biri hemmeler tarapyndan ykrar edilen «Aloeli güldan» atly natýurmortydyr.
«Iki şetdaly we bulgur» natýurmorty ajaýyp lakonizmi bilen özüne çekýär, «Sowuk manzar» suraty hem şol usulda çekilipdir.
«Oba» atly suraty ýyly terrakota reňke baý, käýerinde agaçlaryň depesiniň zümerret reňki göze ilýär. Bularyň hemmesi owadan görünýär we tomaşaçylaryň ünsüni özüne çekýär. Orazgylyç Öwezow käbir ýerleri güýçlendirip, şol gözelligi görmegi başarýar.
Käbir suratlarynda ýagyp duran gar şekilleri, şeýle hem howluda eýeleriniň ýatdan çykaran gar bilen örtülen zatlaryň şekili belet manzarlarymyza başgaça röwüş berýär. Garly howada Orazgylyç Öwezowy öýünde bolmaýan, ol täze ýordumlar gözlegine çykyp, depderçesini etýudlardan doldurman öýüne dolanmaýan ýaly.
Biz ýubilýara berk jan saglyk arzuw edýäris we ondan täze ajaýyp eserlere sabyrsyzlyk bilen garaşýarys.