2025-nji ýylyň 26-njy martynda Moskwa şäherinde M.I.Rudomino adyndaky daşary ýurt edebiýaty kitaphanasynda Türkmenistanyň Bitaraplygynyň 30 ýyllygy mynasybetli Türkmenistanyň Russiýa Federasiýasyndaky Ilçihanasynyň guramagynda kitap sergisi geçirildi. Bu barada Türkmenistanyň DIM-niň web-saýtynda habar berilýär.
Çärä kitaphananyň ýolbaşçylary, Russiýa Federasiýasynda akkreditlenen daşary ýurtlaryň diplomatlary, meşhur dilçiler we edebiýatşynaslar, alymlar we medeniýet ulgamynyň işgärleri, žurnalistler we türkmen talyplary gatnaşdylar.
Türkmenistanyň Prezidentiniň we türkmen halkynyň Milli Lideriniň, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygynyň Türkmenistanyň parahatçylyk söýüjilikli daşary syýasatynyň esasy taraplaryny açyp görkezýän eserleri sergide aýratyn orun eýelediler.
Çäräniň çäginde türkmen halkynyň ruhy gymmatlyklaryny nygtaýan Gahryman Arkadagymyzyň “Ýaşasyn parahat durmuş!”, “Jan Watanym Türkmenistan!”, “Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy” atly şygyrlaryndan setirler okaldy.
Myhmanlar türkmen Bitaraplygynyň 30 ýyllygyna bagyşlanan tematiki wideoşekiller bilen tanyşdylar we bu möhüm sene mynasybetli 2025-nji ýylyň dekabrynda geçiriljek esasy halkara foruma taýýarlyk barada pikir alyşdylar.
Çäräniň ahyrynda Türkmenistanyň Prezidenti bilen türkmen halkynyň Milli Lideriniň, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygynyň kitaplary Daşary ýurt edebiýat kitaphanasyna sowgat edildi.