Şu gün Türkmenistanyň Bilim ministrligi bilen Ýaponiýanyň öňdebaryjy ýokary okuw mekdepleriniň biri bolan Sukuba uniwersitetiniň arasynda wodorod energiýasy boýunça bilelikdäki ylmy-barlaglar babatda hyzmatdaşlyk etmek baradaky özara düşünişmek hakynda Ähtnama gol çekildi. Bu möhüm waka wideoaragatnaşyk görnüşde, ýokary derejede guramaçylykly geçirildi.

Şu gün Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetinde sanly ulgam arkaly «Durnukly ösüşi üpjün etmegiň esasy ugry: ekologiýa bilimi we daşky gurşawy goramagyň häzirki zaman meseleleri» atly halkara ylmy-amaly maslahatynyň açylyş dabarasy we umumy mejlisi geçirildi.

Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda geleşikleriň16-sy hasaba alyndy.

2025-nji ýylyň 3-nji aprelinde Türkmenistanyň başlangyjy bilen Wenada Merkezi Aziýa döwletleriniň ilçileriniň we ÝHHG-niň Baş sekretarynyň duşuşygy geçirildi.

Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynyň mejlisler zalynda Fransiýanyň Türkmenistandaky ilçihanasynyň ýanyndaky Fransiýa instituty Türkmenistanda fransuz diliniň 30 ýyllygyna bagyşlanan olimpiadanyň netijelerini jemledi. Bu ýokary okuw mekdebinde daşary ýurt dillerini öwrenmek ileri tutulýar.
