Ï Ýurdumyzda Bütindünýä saglyk güni mynasybetli çärelere badalga berildi
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Ýurdumyzda Bütindünýä saglyk güni mynasybetli çärelere badalga berildi

view-icon 1162
Ýurdumyzda Bütindünýä saglyk güni mynasybetli çärelere badalga berildi

Türkmenistanda woleýbol, futzal, basketbol we stol tennisi boýunça talyplar ýaryşlary bilen 7-nji aprelde bellenýän Bütindünýä saglyk güni mynasybetli bedenterbiýe-sport we medeni-köpçülikleýin çäreler başlandy.

Türkmenistanyň Bilim ministrligi, Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasy, Bedenterbiýe we sport baradaky döwlet komiteti we Talyplar sporty milli federasiýasy tarapyndan guralan talyp oýunlarynyň açylyş dabarasy Türkmen döwlet bedenterbiýe we sport institutynda şadyýan aýdym-sazly sport baýramy ruhunda geçirildi. Tomaşaçylar diňe bir türgenleriň täsirli çykyşlaryndan başga-da, joşgunly konsertden hem lezzet aldylar. Zehinli gimnastikaçylaryň ýerine ýetiren «Küştdepdi» tansy aýratyn şowhunly garşylandy.

Soň bolsa ilkinji futzal oýny bolup, onda Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynyň topary S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk uniwersitetiniň toparyny 4:2 hasabynda ýeňdi.

Şeýle hem 7-nji aprelde Bütindünýä saglyk gününiň çäklerinde Aşgabat we Arkadag şäherlerinde orta mekdepleriň okuwçylary, ýokary we orta hünär okuw mekdepleriniň talyplary, edaralaryň we kärhanalaryň işgärleriniňdir türgenleriň gatnaşmagynda dürli forumlar, ylmy we medeni çäreler guralar.

Jemgyýetde sagdyn durmuş ýörelgelerini giňden dabaralandyrmak, bedenterbiýäni we sporty wagyz etmek maksady bilen welosiped ýaryşlary, dürli bedenterbiýe-sport çäreleri meýilleşdirilýär.