4-nji aprelde Türkmenistanyň Döwlet medeni merkeziniň Mukamlar köşgünde Germaniýanyň Türkmenistandaky ilçihanasynyň Fransiýanyň ilçihanasynyň ýanyndaky fransuz instituty we Türkmenistanyň Medeniýet ministrligi bilen bilelikde guran «Paris la nuit – Berlin im Licht» atly konserti boldy.
Germaniýa Federatiw Respublikasynyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Bernd Haýnse zalda ýygnanan myhmanlara ýüzlenip, bu konsertiň Türkmenistanyň, Fransiýanyň we Germaniýanyň arasyndaky hyzmatdaşlygyň we medeni alyş-çalşyň ajaýyp mysalydygyny belledi. Konsert aýdym-sazyň köpri bolup, dürli milletden bolan adamlary birleşdirip bilýändigini görkezýär.
Aýdym-sazyň birleşdiriji güýji artistleriň çykyşlarynda doly ýüze çykdy.
Resul Gylyjowyň ýolbaşçylygyndaky Türkmenistanyň Döwlet simfonik orkestriniň sazandalyk etmeginde tanymal nemes aýdymçysy, aktrisa we mýuzikl ýerine ýetirijisi, Berlin teatr klubunyň «Altyn perde» tomaşaçy baýragynyň sekiz gezek ýeňijisi Katarina Merling tomaşaçylary haýrana galdyrdy. Oňa pianinoda Ferdinand fon Zebah sazandalyk etdi.
Ýewropa medeniýetiniň rowaýaty aýdym-saz eserleriniň ýerine ýetirilmegi olaryň awtorlarynyň ömri we döredijiligi baradaky gürrüňler bilen utgaşdy. Şeýlelik bilen, agşamyň myhmanlary nemes kompozitory Kurt Waýlyň terjimehalyna doly belet boldular: ol, esasan, nemes şahyry we dramaturgy Bertolt Breht bilen hyzmatdaşlygy netijesinde bu meşhurlyga ýeten eken.
Kompozitora ylham beren zat barada gürrüň etmek bilen, Katarina Merling öz durmuşyndan-da söz açdy we özüniň wokal karýerasy üçin beýik fransuz aýdymçysy Edit Piafyň döredijiliginiň uly ylham çeşmesi bolandygyny aýtdy.
Konsert, hakykatdanam köp dilli boldy. Agşamyň maksatnamasynda nemes, fransuz, iňlis we türkmen dillerinde aýdymlar ýaňlandy. «Salomon song», «Berlin im Light», «Padam», «Non, je ne regrette rien» aýdymlaryny ýerine ýetiren aýdymçy türkmen estradasynyň ýyldyzy Döwran Şammyýewi sahna çagyrdy. Olar iki bolup «Diwardaky ýazgylar» aýdymyny, şeýle hem Nury Halmämmedowyň «Türkmen sährasy» sazyna ilhalar türkmen kompozisiýasyny ýerine ýetirdiler.
– Aýdym-saz haýsy dilde gepleýändigimize, nähili medeniýetde kemala gelendigimize garamazdan, dünýäniň dürli künjegindäki adamlary birleşdirýär. Saz umumy ynsan dilidir. Resul Gylyjowyň ýolbaşçylygyndaky Türkmenistanyň Döwlet simfonik orkestri bilen bilelikde bu ajaýyp ýurtda çykyş etmek meniň üçin uly bagtdyr – diýip, Katarina Merling aýtdy.
Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynyň çäginde geçirilen bu konsert medeni alyş-çalşyň halklaryň birek-birege düşünişmegini güýçlendirýändigine aýdyň mysal boldy.