Ï Fransuz dili boýunça geçirilen olimpiadanyň ýeňijileri yglan edildi
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Fransuz dili boýunça geçirilen olimpiadanyň ýeňijileri yglan edildi

view-icon 812
Fransuz dili boýunça geçirilen olimpiadanyň ýeňijileri yglan edildi
camera-icon
Ýusup Türşekow

Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynyň mejlisler zalynda Fransiýanyň Türkmenistandaky ilçihanasynyň ýanyndaky fransuz instituty Türkmenistanda fransuz diliniň 30 ýyllygyna bagyşlanan olimpiadanyň netijelerini jemledi. Bu ýokary okuw mekdebinde daşary ýurt dillerini öwrenmek ileri tutulýar.

Jemleýji tapgyra ýurdumyzyň bäş welaýatyndan ýokary okuw mekdepleriniň üçüsiniň talyplary, Aşgabat şäherindäki orta mekdepleriniň ýedisiniň we welaýat mekdepleriniň sekizisiniň okuwçylary netijeleriň yglan edilmegine çagyryldy. Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynyň rektory G.Ýusubowa gatnaşyjylara iňlis dilinde ýüzlenip dabarany açdy. Fransiýa Respublikasynyň Türkmenistandaky ilçisi F.Merlen onuň sözüni fransuz dilinde dowam etdirdi. Türkmen, fransuz, iňlis we rus dilleri bu köp dilli çäräniň tapawutly aýratynlygydy. 

Şu ýyl Türkmenistanda fransuz dilini yzygiderli öwrenmegiň 30 ýyllygy bellenilýär. Bu çärä 1994-nji ýylda Fransiýanyň şol wagtky prezidenti Fransua Mitterranyň resmi sapary itergi berdi, şol döwürde ýurdumyzda Fransiýanyň ilçihanasy açyldy. 2015-nji ýylda Fransiýanyň ilçihanasynyň Medeniýet merkezi frankofoniýany işiniň esasy ugry hökmünde kesgitlänligi sebäpli ol Fransiýa instituty diýlip atlandyryldy. Fransiýa institutynyň işgärleri fransuz dilini öwrenýän talyplaryň hem-de okuwçylaryň arasynda bäsleşikleri we olimpiadalary yzygiderli guraýarlar. 

Türkmenistanda fransuz dilini öwrenmegiň 30 ýyllygyna bagyşlanan olimpiadada dalaşgärlere orfografiýa, kompozisiýa we aýdym ýaly bäsleşikler teklip edildi. Düzme bäsleşiginde birinji orny A.S.Puşkin adyndaky umumy orta bilim berýän bilelikdäki türkmen-rus mekdebiniň uçurymy Aýnur Kulowa eýeledi. Ol sahnadan öz düzmesinden bir bölek okady.

Wokal bäsleşigini meşhur estrada aýdymçylary Maýsa Nyýazowa we Döwran Şammyýew açdylar. Olar özüne mahsus mylakat bilen Barbara Prawiniň eserlerinden «Wezalýa» aýdymyny ýerine ýetirdiler. Fransuz artistleriniň durmuşyndan lybas sahnalary görkezildi, filmden bir aýdym we beýleki meşhur fransuz aýdymlary ýerine ýetirildi. Bu ugurda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynyň talyby Mähri Guzyçyýewa Lara Fabianyň eserlerinden «Men seni söýýärin» aýdymyny ýerine ýetirip ýeňiş gazandy.

Olimpiadanyň jemleýji tapgyry köp sowgatly baýrama öwrüldi, onda baýrakly orny eýelänlere we olimpiada gatnaşyjylara baýraklar gowşuryldy.

Häzirki wagtda dürli ýurtlaryň halklarynyň arasyndaky aragatnaşyk ýylsaýyn giňelýär. Fransuz dili iň köp adamyň gürleýän bäş diliniň biridir, ony bilmek türkmen ýaşlaryna öz alan hünärlerini has-da kämilleşdirmäge uly mümkinçilikleri açýar.