Ýokary liganyň toparlarynyň arasynda Türkmenistanyň futbol çempionatynyň 5-nji tapgyry Aşgabatda we Türkmenbaşy şäherlerinde iki oýun bilen tamamlandy.
Büzmeýin etrabyndaky «Sport toplumy» stadionynda geçirilen paýtagt derbisinde «Altyn asyr» topary «Köpetdag» toparyny myhman aldy.
Türkmenistanyň Içeri işler ministrliginiň topary şu möwsümde milli çempionata şowsuz başlap, üç oýunda-da ýeňlişe sezewar boldy. Dördünji oýun hem öňkülerden tapawutlanmady.
«Köpetdag» toparynyň oýunçylary geçen ýylky çempionatyň bürünç medalynyň eýesine 43-nji minuda çenli mynasyp garşylyk görkezdiler. Şeýle bolsa-da, Myrat Annaýewiň tagallasy bilen ilkinji pökgi tora girdi, garşydaşlar «Altyn asyr» toparynyň peýdasyna 1:0 hasabynda arakesmä gitdiler.
Ikinji ýarymda meýdança eýelerinden Süleýman Muhadowyň (55-nji minutda) we Zafar Babajanow (66-njy minutda) salan pökgüleri netijesinde topar 3:0 hasabynda ýeňiş gazandy.
Türkmenistanyň wise-çempiony «Ahal» toparynyň Türkmenbaşy şäherinde ýerli «Şagadam» topary bilen duşuşygy çekeleşikli boldy. 7-nji minutda Ilýa Tamurkin meýdança eýelerini öňe saýlady 1:0. Şondan 3 minut soň «Ahal» topary Elman Tagaýewiň takyk uran pökgüsi bilen hasaby deňledi.
Arakesmäniň öň ýany birinji ýaryma goşulan 2-nji minudynda baş tälimçiniň kömekçisi Saparmyrat Öwezow iki sary kartoçka sebäpli meýdançadan çykaryldy. Ýöne bu ýagdaý «Ahalyň» oýnuna täsir etmedi. 74-nji minutda Elman Tagaýew «Şagadam» toparynyň derwezesine ikinji, ýeňiş pökgüsini saldy.
2:1 hasabynda erjellik bilen ýeňiş gazanan «Ahal» 9 utuk toplady. «Altyn asyr» toparynyň hem şonça utugy bar. Olar şeýle görkezijiler bilen dört oýundan soň bu toparlar ilkinji iki orny paýlaşýarlar. Öňde barýan toparlardan bir oýun artyk oýnan «Aşgabat», «Nebitçi» we «Şagadam» toparlarynyň olardan 2 utugy az. «Arkadag» topary iki oýundan soň 6 utuk bilen olardan soňky orunda. «Merw» topary (5 oýundan 4 utuk) we «Köpetdag» topary (4 oýundan 0 utuk) soňky orunlarda barýarlar.
Bäş tapgyrdan soň «Merw» toparyndan Abdyresul Abdyýew we «Arkadag» toparyndan Yhlas Saparmämmedow 3 pökgi bilen bombardirleriň arasynda öňdeligi paýlaşýarlar. Yhlasyň topardaşlary Begenç Akmämmedow we Didar Durdyýew, şeýle hem Gurban Annaýew, Elman Tagaýew (ikisi hem «Ahal» toparyndan), Zafar Babajanow («Altyn asyr» toparyndan) we Bäşim Gurbandurdyýew («Aşgabat» toparyndan) garşydaşlarynyň derwezesine 2 pökgi geçirdiler.
Türkmenistanyň futbol çempionatynyň 6-njy tapgyrynyň oýunlary 11-13-nji aprel aralygynda geçiriler. Tapgyryň birinji güni «Ahal» topary «Merw» topary bilen oýnar. Ertesi iki oýun bolar: «Altyn asyr» topary bilen «Şagadam» topary we «Arkadag» topary hem-de «Aşgabat» topary duşuşarlar. 6-njy tapgyr 13-nji aprelde «Köpetdagyň» we «Nebitçiniň» duşuşygy bilen tamamlanar.