M.Kulyýewa adyndaky Türkmen milli konserwatoriýasynyň ýanyndaky ýörite sazçylyk mekdebinde görnükli sazanda Pürli Saryýewiň ömrüne we döredijiligine bagyşlanan «Halypalaryň ussatlyk mekdebi» at bilen konsert geçirildi.
Türkmen halk saz gurallary orkestrini esaslandyryjylaryň biri, meşhur dutarçy we sazanda-kompozitor meşhur Sary bagşynyň ogly Pürli Saryýew diňe bir ussat sazanda bolman, eýsem, ýaş zehinleri ýetişdirmäge hem ömrüni bagyşlady. Dutar çalmakda ussatlyga ymtylýan ýaş sazandalara tejribesini we bilimini ýadawsyz öwretdi.
Mälim bolşy ýaly, dutarçy halypalyk mekdebi ussatlygyň syrlaryny öwretmegiň mukaddes usullaryndan ugur alýar, şunda saz çalmak sungatynyň inçe tilsimleri, özboluşly usullary we milli sungat däplerine çuňňur düşünmek ýaly ýörelgeler nesilden-nesle geçip gelýär.
Türkmenistanyň Medeniýet ministrliginiň Maddy däl medeni mirasy bölümi we Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Merkezi geňeşi tarapyndan guralan bu konsert, türkmen aýdym-saz medeniýetiniň çuň dowamlylygynyň aýdyň mysaly boldy.
Konsertde türkmen milli sazlarynyň baý ýol-ýörelgelerini görkezýän meşhur dutar we gyjak sazlary ýaňlandy. Mekdebiň okuwçylary, konserwatoriýanyň talyplary we mugallymlary Pürli Saryýewiň «Lälezar bolar», «Şatlyk», «Türkmenistanym», şeýle hem türkmen saz mirasynyň altyn gaznasyna giren beýleki ajaýyp eserlerini ýerine ýetirdiler.
Bagşyçylyk ruhy we halk döredijiliginiň özboluşly birleşmesi bolup, türkmen medeniýetiniň bahasyna ýetip bolmajak sungatynyň mysalydyr. Ol halk ýörelgelerini we tejribesini aýawly gorap saklaýan, sazandalaryň her täze nesliniň baýlaşdyrýan hem-de kämilleşdirilýän dowamat-dowam mirasdyr. Şu nukdaýnazardan, halypalyk diňe bir okuw usuly bolman, eýsem, ussatlygy halypadan şägirde geçirmegiň mukaddes däbidir.