Her ýyl 7-nji aprelde bellenilýän Bütindünýä saglyk gününiň öňüsyrasynda türkmen paýtagtynyň Olimpiýa şäherçesinde köpçülikleýin sport-dynç alyş çäresi geçirildi.
Çäre Türkmenistanyň Bedenterbiýe we sport baradaky döwlet komiteti, Birleşen Milletler Guramasynyň Ilat gaznasynyň (ÝUNFPA) wekilhanasy we «Ýeňme» jemgyýetçilik guramasy bilen bilelikde guraldy. Çärä sporty wagyz etmek we sagdyn durmuş ýörelgesini dabaralandyrmak maksady bilen 200-den gowrak adam gatnaşdy.
Köpçülikleýin ylgawdan başlan çäre interaktiw sapaklar, kikboks we ýoga boýunça ussatlyk sapaklary bilen dowam etdi. Ýoga sapaklary Aşgabatdaky ýoga merkeziniň mugallymy tarapyndan geçirildi.
Bu çäre ýaş gimnastikaçylaryň hem-de Türkmen döwlet bedenterbiýe we sport institutynyň aýdym-saz-tans toparynyň çykyşy bilen tamamlandy. Ýaryşyň ýaş ýeňijilerine baýrak gowşuryş dabarasy hem geçirildi.
Bu çäre, jynsyna garamazdan, her bir ýaş adamyň sport we jemgyýetçilik durmuşyna gatnaşmaga deň mümkinçilikleri bolan sagdyn jemgyýet döretmek ýolunda möhüm ädim boldy. Şeýle hem ol gender deňligiň we Durnukly ösüş maksatlaryna ýetmekde ýaşlaryň tutýan ornuna ünsi çekdi.