Türkmenistanyň Bilim ministrligi bilen Birleşen Milletler Guramasynyň Çagalar gaznasynyň (ÝUNISEF) Türkmenistandaky wekilhanasynyň arasyndaky hyzmatdaşlyk «Ýaşyl mekdep» atly bilelikdäki maksatnamanyň durmuşa geçirilmegi baradaky özara düşünişmek Ähtnamasyna gol çekilmegi bilen giňeýär.
Merkezi Aziýada öz bolşuna görä, ilkinji bolan bu innowasiýa maksatnamasy oňa gatnaşýan mekdepleri energiýa tygşytlaýan durnukly okuw gurşawyna öwürmäge gönükdirilendir.
«Ýaşyl mekdep» maksatnamasynyň durmuşa geçirilmegi mekdep durmuşynyň ähli ugurlaryna: interaktiw okadyşdan başlap, okuw jaýlarynyň energiýa netijeliligine çenli durnukly ösüş ýörelgeleriniň girizilmegini öz içine alýar. Ol çagalary ekologik meseleler üçin döredijilikli çözgütleri döretmäge we olarda tebigata jogapkärli garaýşy ösdürmäge höweslendirmek işine gönükdirilendir. Maksatnama has sagdyn okuw gurşawlaryny döretmek arkaly bilim edaralarynda uglerodyň zyýanly täsirini azaltmagy maksat edinýär.
Mugallymlar howa baradaky bilimi okuw meýilnamasyna goşmak boýunça tälim alarlar, okuwçylar bolsa galyndylary azaltmak, gaýtadan dikeldilýän energiýa çeşmelerine we ekoulgamy gorap saklamak boýunça taslamalara jogapkär bolarlar.
Bu başlangyç bilim ulgamynyň bir bölegi bolmak bilen, howanyň üýtgemegine garşy göreşiň ömürboýy öwrenilmegine kepil bolar.
«Ýaşyl mekdep» maksatnamasyny üstünlikli durmuşa geçirenlere degişli şahadatnamalar gowşurylar.
BMG-niň Çagalar gaznasynyň (ÝUNISEF-iň) Türkmenistandaky wekili Jalpa Ratna bu başlangyjyň Türkmenistanyň Durnukly ösüş maksatlaryna ygrarlydygyny we howanyň üýtgemegine garşy durnukly jemgyýetleri gurmaga işjeň çemeleşýändigini görkezýändigini aýtdy. Ol, şeýle hem ÝUNISEF bilen Bilim ministrliginiň durnukly ösüşiň hereketlendirijisi hökmünde umumy garaýşyna ünsi çekdi.