Şu gün Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetinde sanly ulgam arkaly «Durnukly ösüşi üpjün etmegiň esasy ugry: ekologiýa bilimi we daşky gurşawy goramagyň häzirki zaman meseleleri» atly halkara ylmy-amaly maslahatynyň açylyş dabarasy we umumy mejlisi geçirildi.
Halkara ylmy-amaly maslahata Russiýa Federasiýasynyň, Eýran Yslam Respublikasynyň, Türkiýe Respublikasynyň, Wengriýanyň, Beýik Britaniýanyň, Germaniýa Federatiw Respublikasynyň, Demirgazyk Makedoniýanyň, Polşanyň, Belgiýa Patyşalygynyň, Rumyniýanyň, Hindistanyň, Pakistan Yslam Respublikasynyň, Ýaponiýanyň, Wýetnamyň, Koreýa Respublikasynyň, Belarus Respublikasynyň, Azerbaýjan Respublikasynyň, Özbegistan Respublikasynyň, Täjigistan Respublikasynyň, Gazagystan Respublikasynyň, Gyrgyzystan Respublikasynyň, Nigeriýa Federatiw Respublikasynyň, Alžiriň hem-de Türkmenistanyň ýokary okuw mekdepleriniň, ylmy-barlag institutlarynyň 74 sanysyndan jemi 180-den gowrak professor-mugallymlar we alymlar gatnaşýarlar.
Halkara ylmy-amaly maslahatyň açylyş dabarasynda Garaşsyz we hemişelik Bitarap ýurt hökmünde Türkmenistan tarapyndan dünýäde parahatçylygyň we ynanyşmagyň pugtalandyrylmagy bilen bir hatarda, häzirki zaman dünýä jemgyýetçiliginiň möhüm meseleleriniň biri bolan ekologiýa howpsuzlygynyň üpjün edilmeginiň halkara hyzmatdaşlygyny ösdürmekde diňe bir sebit derejesinde däl-de, eýsem, bütin dünýä ähmiýetli işleriň amala aşyrylýandygyny nygtadylar.
Halkara ekologiýa hyzmatdaşlygynyň çäginde Türkmenistanyň sebitleýin we global derejede daşky gurşawy goramak baradaky konwensiýalaryň işjeň agzasy hökmünde howanyň häzirki zaman üýtgeýän şertlerinde suw we ýer baýlyklaryny, biologiýa köpdürlüligini gorap saklamaga, köpeltmäge, olardan rejeli peýdalanmaga, ýaşlaryň ekologiýa bilimini we medeniýetini kämilleşdirmäge degişli wezipeleri gyşarnyksyz berjaý edýändigi aýratyn bellenilip geçildi.
Türkmenistanyň Araly halas etmegiň Halkara gaznasyna ýolbaşçylyk eden döwründe Aralýaka sebitinde ekologiýa we durmuş-ykdysady ýagdaýy gowulandyrmaga degişli öňe süren sebit ähmiýetli başlangyçlarynyň biri hem «Birleşen Milletler Guramasy bilen Araly halas etmegiň Halkara gaznasynyň arasyndaky hyzmatdaşlyk» atly Kararnamasyna degişlidir.
Çykyşlarda aýdylyşy ýaly, Türkmenistanda öňki hereket edýän ekologiýa kanunlarynyň döwrebap kämilleşdirilmegi we olaryň halkara ekologiýa konwensiýalaryň, ylalaşyklaryň ekologiýa kadalary bilen utgaşdyrylmagy arkaly ýurdumyzyň ekologiýa howpsuzlygynyň üpjün edilmegine degişli täze kanunlar hem kabul edilýär.
Ertir halkara ylmy-amaly maslahatyň işi «Ekologiýa bilimini ösdürmekde innowasiýa tehnologiýalarynyň orny», «Suw we ýer baýlyklaryny rejeli peýdalanmagy dolandyrmagyň usullary» hem-de «Biologiýa dürlüligi öwrenmegiň we goramagyň esasy meseleleri» atly bölümlerde alnyp barlar.
Bu halkara ylmy-amaly maslahatynyň esasy maksady howanyň üýtgemegi bilen baglylykda ýüze çykýan häzirki zaman ekologiýa meselelerini çuňňur seljermekden, ýaşlara ekologiýa bilimini we medeniýetini öwretmegiň usullaryny kämilleşdirmegiň ýollaryny, häzirki zaman şertlerinde daşky gurşawy goramaga, tebigy baýlyklardan ekologiýa-ykdysady taýdan netijeli peýdalanmaga degişli täze ýöriteleşme derslerini bu ugurdan ýokary bilimli hünärmenleri taýýarlamagyň okuw meýilnamasyna girizmekden, interaktiw gurallary we okuw üçin platformalary döretmekden, ekologiýa boýunça ylmy-barlag işlerinde we bilim maksatnamalarynda halkara hyzmatdaşlygy pugtalandyrmakdan ybaratdyr.