2024-nji ýylyň 18-nji dekabrynda Türkmenistanyň Daşary işler ministriniň orunbasary Mähri Bäşimowanyň ýolbaşçylygyndaky Türkmenistanyň wekiliýeti Marokko Patyşalygynyň Rabat şäherinde Bütindünýä yslam ýurtlarynyň bilim, ylym we medeniýet meseleleri boýunça guramasynyň (ICESCO) ştab-kwartirasynda beýik türkmen şahyry Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygyny bellemek boýunça çärelere gatnaşdy.
Täze ýyl baýramynyň öňüsyrasynda Türkmenistanyň Medeniýet ministrliginiň Şekillendiriş sungaty sergi merkezinde Mary welaýatynyň suratkeşleriniň işleri bilen hünärmenleriň we sungat söýüjileriň köpden bäri garaşýan duşuşygy boldy. Sergide merkeziň iki gatyny-da eýeleýän 196 surat we heýkel işleri görkezildi.
Şu ýylyň 19-njy dekabrynda paýtagtymyzda daşary ýurt maýa goýumlary hakynda Türkmenistanyň kanunçylygyny kämilleşdirmek hem-de halkara maýa goýum işleriniň öňdebaryjy tejribelerini we strategiýalaryny ara alyp maslahatlaşmak maksady bilen «Tegelek stol» duşuşygy geçirildi. Bu çäre USAID-iň «Türkmenistanda dolandyryş işleri» (GAT) taslamasy tarapyndan gurnaldy.
Şu gün Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň «Ýaşlar — Watanyň daýanjy» atly kitabynyň ýapon dilindäki neşiriniň tanyşdyrylyş dabarasy geçirildi.
Şu gün Türkmenistanyň Oguz han adyndaky Inžener-tehnologiýalar uniwersitetinde «Akylly» şäher: dolandyrmak, sanly, “akylly” we emeli aň tehnologiýalary, howpsuzlygy, ykdysadyýeti» atly halkara ylmy-amaly maslahat geçirildi.