Ï Hytaýyň Fujou şäherinde halkara forum açyldy
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Hytaýyň Fujou şäherinde halkara forum açyldy

view-icon 160
Hytaýyň Fujou şäherinde halkara forum açyldy

3-nji noýabrda Hytaý Halk Respublikasynyň Fujou şäherinde köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň «Bir guşak, bir ýol – 2026» halkara hyzmatdaşlyk forumy açylýar. Oňa dünýäniň ähli künjeklerinden KHBS-niň wekilleriniň 200-e golaýy, şol sanda Türkmenistandan Döwlet habarlar agentliginiň wekili gatnaşýar.

Forumyň açylyş dabarasynda Hytaý Halk Respublikasynyň ýolbaşçy düzümleriniň, çäräniň guramaçylarynyň hem-de KHBS-niň wekilleriniň birnäçe çykyşlary diňleniler. Şeýle hem onuň dowamynda «Bir guşak, bir ýol» mowzugy boýunça sebitleýin hyzmatdaşlyk baradaky çykyşlara orun berler.

Bu çäräniň geçirilmeginiň maksady maglumatlary taýýarlamak babatda Hytaýyň tejribesi bilen tanyşdyrmakdan we hyzmatdaşlygyň mümkinçiliklerini ara alyp maslahatlaşmakdan ybarat.

Halkara forum 3-4-nji noýabrda geçirilýär. Iki günüň dowamynda oňa gatnaşyjylar

media ulgamynda bilelikdäki taslamalary amala aşyrmak üçin köptaraply hyzmatdaşlygy ýol goýmagyň we ösdürmegiň mümkinçiliklerini maslahatlaşarlar.

Foruma gatnaşyjylar üçin medeni maksatnama-da göz öňünde tutlypdyr.