Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň agzasy «Asuda akym» hojalyk jemgyýetiniň awtoulaglar we beýleki tehnikalar üçin niýetlenen «Şir ýag» hil nyşanly mineral we sintetiki ýaglaryny öndürýän önümçiligi esaslandyrdy. Lebap welaýatynyň Dänew etrabynyň Aşgabat geňeşliginiň «Abadan» obasynda ýerleşýän, Amerikanyň Birleşen Ştatlarynda, Türkiýe respublikasynda, Ýewropanyň ösen döwletleriniň birnäçesinde öndürilen kämil innowasion enjamlar ornaşdyrylan bu önümçiligiň işe girizilenine köp wagt geçmedik hem bolsa, onuň önümleriniň alyjylar tarapyndan eýýäm uly islege eýe bolandygyny bellemek buýsançlydyr. Ýurdumyzda kiçi we orta telekeçiligi ösdürmek boýunça döredilýän şertlerden ýerlikli peýdalanýan bu hojalyk jemgyýetiniň önümçilik kärhanasynda jemi alty toparda ýokary hilli mineral we sintetiki ýaglar öndürilýär.
Bu ýerde ýeňil awtoulaglaryň hereketlendirijilerine niýetlenen ýaglaryň, awtoulag we awtomatiki transmissiýa üçin ýaglaryň, gidrawlik ulgam üçin ýaglaryň, agyr iş şertlerinde işleýän kuwwatlly transmissiýa ýaglarynyň, senagat ýaglarynyň, şeýle hem senagat we oba hojalyk tehnikalaryna niýetlenen motor hem-de gidrawlik ýaglaryň önümçiligi hereket edýär. Önüm öndürmeklik üçin esasy çig mal Türkmenbaşydaky nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumyndan, şeýle hem önümçilige zerur bolan himiki serişdeler daşary döwletleriň öňdebaryjy kompaniýalaryndan özara hyzmatdaşlyk esasynda getirilýär.
Kärhanada öndürilýän önümleriň görnüşlerini artdyrmak üçin edilýän yzygiderli aladalar öz oňyn netijelerini berýär. Bu önümçilik işe girizilende mineral we sintetiki ýaglaryň 25 görnüşi öndürilen bolsa, häzirki wagtda täze kämil tehnologiýalaryň önümçilige ornaşdyrylmagy bilen onuň sany 92-ä ýetirilipdir. Kärhananyň ýyllyk kuwwatynyň mineral we sintetiki ýaglary 20 müň tonnasyny öndürmeklige deňdigini-de belläp geçmek bolar.
Hojalyk jemgyýetiniň bu önümhanasynda öndürilýän önümler kärhananyň özünde taýýarlanylýan 1,5 we 20 litr göwrümli plastik gaplara, şeýle hem 200 litr göwrümi bolan demir çeleklere gaplanylýar. Täze önümçiligiň bir günde 80 tonna, bir ýylyň dowamynda bolsa, 20 müň tonna önüm öndürmäge mümkinçiligi bar.
Şeýle hem kärhanada Ýaponiýanyň, Amerikanyň Birleşen Ştatlarynyň we beýleki ösen döwletleriň belli kompaniýalarynyň tehnologiýalary ornaşdyrylan kämil barlaghana hereket edýär. Bu bolsa, gysga wagtda önümiň hil derejesini takyk kesgitlemäge mümkinçilik berýär. Bu ýerde öndürilýän önümler daşary ýurtlardan getirilýän gymmat bahaly önümleriň ýerini tutmaklyga niýetlenendir.
Kärhananyň sebitdäki döwletleriň birnäçesine iberilýän «Imperol», «Şir ýag» haryt nyşanly ýaglarynyň eksport ugruny giňeltmeklik üçin yzygiderli iş alnyp barylýandygyny-da bellemek bolar.