Ï Ýerli howa şertlerini gowulandyrmagyň we biodürlüligi gorap saklamagyň hatyrasyna
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Ýerli howa şertlerini gowulandyrmagyň we biodürlüligi gorap saklamagyň hatyrasyna

view-icon 112
Ýerli howa şertlerini gowulandyrmagyň we biodürlüligi gorap saklamagyň hatyrasyna

Daşoguz welaýat tokaý hojalygynyň hünärmenleri güýzki möwsümleýin işleriň gyzgalaňly döwrüni başdan geçirýärler. Bu günler alnyp barylýan işleriň möhüm ugurlarynyň biri agaçlaryň we gyrymsy ösümlikleriň tohumlaryny ýygnamakdan ybaratdyr. Tokaýçylyk işiniň bu görnüşine aýratyn ähmiýet berilýär. Sebäbi ol geljekde sebitiň ýaşyl guşagyny dikeltmekde we giňeltmekde möhüm ähmiýete eýedir.

Şu güne çenli tokaýçylar tarapyndan tuýanyň 50 kilogram, dagdan agajynyň 25 kilogram, tut agajynyň 30 kilogram, almanyň 5 kilogram, erigiň 45 kilogram tohumy, şeýle hem miweli we bezeg maksatly beýleki agaçlaryň hem-de gyrymsy ösümlikleriň köp mukdarda tohumlary ýygnaldy.

Bellemeli ýeri, şu möwsümde ilkinji gezek pawlowniýa agajynyň tohumlary hem taýýarlanyldy. Bu bolsa özüniň köp talap etmeýän häsiýeti we ýerli howa şertlerine durnuklylygy bilen tapawutlanýan bu agajyň ýurdumyzyň demirgazyk sebitinde kem-kemden ýaýbaňlanýandygyny görkezýär. Biraz soňra welaýatda sazak we gandym ösümlikleriniň tohumlaryny ýygnamak hem meýilleşdirilýär.

Ýygnalan tohumlar hojalygyň umumy meýdany onlarça gektara barabar bolan nahalhanalarynda ösümlikleri mundan beýläk-de köpeltmek üçin tohumlyk serişde bolup hyzmat eder. Welaýat tokaý hojalygynyň işgärler topary tarapyndan tokaý zolaklaryny yzygiderli döretmek we dikeltmek, pürli, çöl, miweli we bezeg agaçlaryny ösdürip ýetişdirmek, şeýle hem ekmek üçin nahallary taýýarlamak boýunça alnyp barylýan işler «Türkmenistanyň 2026 – 2030-njy ýyllar üçin Milli tokaý maksatnamasynyň» çäklerinde durmuşa geçirilýän toplumlaýyn çäreleriň bir bölegidir.

Ýerli ekoulgamyň jikme-jik öwrenilmegi we seljerilmegi ýerli howa şertleriniň gowulanmagyna hem-de biodürlüligiň gorap saklanmagyna ýardam berýär.