Şu gün hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary T.Atahallyýewiň hem-de welaýatlaryň häkimleriniň gatnaşmagynda sanly ulgam arkaly iş maslahatyny geçirdi. Onda ýurdumyzyň oba hojalyk toplumynda hem-de welaýatlarda alnyp barylýan işler bilen baglanyşykly meselelere garaldy.
Ilki bilen, Ahal welaýatynyň häkimi T.Nurmyradowa söz berildi. Häkim welaýatda dowam edýän möwsümleýin oba hojalyk işleriniň barşy barada hasabat berdi.
Bellenilişi ýaly, häzirki wagtda welaýatda ýetişdirilen pagta hasylyny soňky hanasyna çenli ýitgisiz ýygnap almak boýunça zerur işler geçirilýär. Welaýatda bugdaý ekişi tamamlaýjy tapgyrda dowam edip, möwsümde oba hojalyk tehnikalary doly güýjünde işledilýär. Ekiş geçirilen meýdanlarda gögeriş suwy tutulýar. Bu işler bilen bir hatarda, welaýatda güýzlük ýeralma, gök-bakja we beýleki oba hojalyk ekinleri ekilen meýdanlarda ideg etmek, ýetişdirilen hasyly ýygnap almak we ilata ýetirmek boýunça degişli işler alnyp barylýar.
Şeýle hem häkim welaýatdaky edara-kärhanalaryň, mekdepleriň, çagalar baglarynyň we beýleki medeni-durmuş maksatly desgalaryň, ýaşaýyş jaýlarynyň ýyladyş ulgamlaryny kadaly işletmek boýunça görülýän çäreler barada hasabat berdi.
Mundan başga-da, ýurdumyzy bagy-bossanlyga öwürmek, onuň gözel tebigatyny has-da baýlaşdyryp, tokaý zolaklaryny döretmek maksady bilen geçiriljek Ählihalk bag ekmek dabarasyna hem-de Hasyl toýy mynasybetli baýramçylyk çärelerine taýýarlyk görlüşi barada aýdyldy.
Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, häzirki wagtda dowam edýän möwsümleýin oba hojalyk işleriniň ýokary hilli we guramaçylykly alnyp barylmagynyň zerur talap bolup durýandygyny belledi we şunuň bilen baglylykda, pagta hasylyny soňky hanasyna çenli ýygnap almak, bugdaý ekişini öz wagtynda tamamlamak babatda häkime anyk tabşyryklary berdi.
Şeýle hem döwlet Baştutanymyz ählihalk bag ekmek dabarasyna gowy taýýarlyk görmegiň, Oba milli maksatnamasynda göz öňünde tutulan wezipeleri üstünlikli ýerine ýetirmegiň möhümdigini belledi we birnäçe anyk tabşyryklary berdi.
Soňra Balkan welaýatynyň häkimi R.Jumaýew welaýatda alnyp barylýan möwsümleýin oba hojalyk işleri barada hasabat berdi.
Bellenilişi ýaly, şu günler welaýatda ýetişdirilen pagta hasylyny soňky hanasyna çenli ýitgisiz ýygnap almak we ýygymyň depginini güýçlendirmek boýunça zerur çäreler görülýär. Şunuň bilen birlikde, welaýatda bugdaý ekişini agrotehniki möhletlerde tamamlamak üçin degişli işler alnyp barylýar. Ekiş geçirilen meýdanlarda gögeriş suwuny tutmak işleri ýerine ýetirilýär.
Hormatly Prezidentimiziň gök-bakja önümleriniň öndürilýän möçberlerini yzygiderli artdyrmak barada berýän tabşyryklaryndan ugur alnyp, welaýatda güýzlük ekilen ýeralma we beýleki oba hojalyk ekinlerine ideg etmek bilen bir hatarda, ýetişdirilen hasyly ýygnap almak işleri utgaşykly alnyp barylýar. Şunuň bilen birlikde, welaýatyň çägindäki bilim, medeniýet, dolandyryş, jemgyýetçilik we ýaşaýyş jaýlarynyň ýyladyş ulgamlary möwsümleýin işe girizilip, olary kadaly işletmek boýunça zerur çäreler görülýär.
Mundan başga-da, häkim welaýatda ählihalk bag ekmek dabarasyny hem-de Hasyl toýuny guramaçylykly geçirmek boýunça alnyp barylýan taýýarlyk işleri barada hasabat berdi.
Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, welaýatda ýetişdirilen pagta hasylyny ýitgisiz ýygnap almak, bugdaý ekişini agrotehniki möhletlerde we ýokary hilli geçirmek üçin ähli zerur işleriň ýerine ýetirilmelidigini belledi hem-de bu babatda häkime birnäçe anyk görkezmeleri berdi. 7-nji noýabrda geçiriljek ählihalk bag ekmek dabarasyna taýýarlyk görmek, welaýatda alnyp barylýan gurluşyk işlerini gözegçilikde saklamak babatda hem degişli tabşyryklar berildi.
Soňra Daşoguz welaýatynyň häkimi D.Babaýew welaýatdaky möwsümleýin oba hojalyk işleriniň barşy barada hasabat berdi.
Hasabatda bellenilişi ýaly, welaýatda pagta ýygymy guramaçylykly dowam edip, ýetişdirilen hasyly ýitgisiz ýygnap almak boýunça zerur çäreler görülýär. Möwsümde oba hojalyk tehnikalary doly güýjünde işledilip, hasyl kabul ediş harmanhanalarynda bökdençsiz kabul edilýär. Şeýle hem welaýatda bugdaý ekişini gysga wagtda we ýokary hilli geçirmek boýunça zerur işler alnyp barylýar. Ekiş geçirilen ýerlerde kadaly gögeriş alynýar.
Bu işler bilen bir hatarda, welaýatda şalynyň, şeýle hem güýzlük gök-bakja we beýleki oba hojalyk ekinleriniň hasylyny ýygnap almak boýunça degişli işler alnyp barylýar. Welaýatda medeni-durmuş, jemgyýetçilik we ýaşaýyş jaýlarynyň ýyladyş ulgamlary işe girizilip, olary kadaly işletmek boýunça zerur çäreler görülýär.
Şeýle hem häkim welaýatda ählihalk bag ekmek dabarasyny hem-de bereketli türkmen topragyny dabaralandyrýan Hasyl toýuny ýokary guramaçylyk derejesinde geçirmek boýunça görülýän taýýarlyk işleri barada hasabat berdi.
Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, pagta hasylyny ýitgisiz ýygnap almak, ýygymyň depginini güýçlendirmek, bugdaý ekişini talabalaýyk we agrotehniki möhletlerde geçirmek babatda häkime anyk tabşyryklary berdi.
Şeýle hem döwlet Baştutanymyz ählihalk bag ekmek dabarasyny guramaçylykly geçirmek üçin gowy taýýarlyk görmegi, ýurdumyzy durmuş-ykdysady taýdan ösdürmäge gönükdirilen maksatnamalaryň çäklerinde şu ýyl welaýatda açylyp ulanmaga berilmegi meýilleşdirilýän dürli maksatly desgalardaky gurluşyk işleriniň ýokary hilli we öz wagtynda ýerine ýetirilmegini gözegçilikde saklamagy tabşyrdy.
Soňra Lebap welaýatynyň häkimi H.Aşyrmyradow welaýatda dowam edýän möwsümleýin oba hojalyk işleri barada hasabat berdi.
Hasabatda bellenilişi ýaly, welaýatda daýhan yhlasy bilen ýetişdirilen pagta hasylyny soňky hanasyna çenli ýygnap almak hem-de Watan harmanyna tabşyrmak işleri alnyp barylýar. Möwsümde oba hojalyk tehnikalary we gurallary netijeli işledilýär. Welaýatda bugdaý ekişi dowam edip, ekiş geçirilen ýerlerde agrotehnikanyň kadalaryna laýyklykda gögeriş suwy tutulýar.
Hormatly Prezidentimiziň ýurdumyzda azyk bolçulygyny has-da pugtalandyrmak baradaky tabşyryklaryndan ugur alnyp, welaýatda ýetişdirilen şalynyň, gök-bakja we beýleki oba hojalyk ekinleriniň hasylyny ýygnap almak işleri geçirilýär.
Şeýle hem häkim welaýatdaky bilim, medeniýet, jemgyýetçilik edaralarynyň, ýaşaýyş jaýlarynyň ýyladyş ulgamlaryny kadaly işletmek üçin durmuşa geçirilýän çäreler hem-de ählihalk bag ekmek dabarasyna we Hasyl toýuna taýýarlyk görlüşi barada hasabat berdi.
Döwlet Baştutanymyz hasabaty diňläp, häzirki wagtda oba hojalygynda dowam edýän agrotehniki çäreleriň ýokary hilli we guramaçylykly geçirilmeginiň möhümdigini belledi we şunuň bilen baglylykda, häkime welaýatda ýetişdirilen pagta hasylyny ýitgisiz ýygnap almak, bugdaý ekişini agrotehniki möhletlerde tamamlamak üçin ähli zerur çäreleri görmegi tabşyrdy. Mundan başga-da, hormatly Prezidentimiz ählihalk bag ekmek dabarasyna talabalaýyk taýýarlyk görmegi, şeýle hem welaýatda şu ýyl açylyp ulanmaga berilmegi göz öňünde tutulýan dürli maksatly desgalardaky gurluşyk işleriniň ýokary hilli ýerine ýetirilmegini gözegçilikde saklamagy tabşyrdy.
Soňra Mary welaýatynyň häkimi B.Orazgylyjow welaýatda dowam edýän möwsümleýin oba hojalyk işleriniň barşy barada hasabat berdi.
Bellenilişi ýaly, welaýatda dowam edýän möwsümleýin oba hojalyk işleriniň çäklerinde ýetişdirilen pagta hasylyny ýitgisiz ýygnap almak, pagta ýygymynda ulanylýan oba hojalyk tehnikalaryny doly güýjünde işletmek boýunça zerur çäreler görülýär. Şeýle hem welaýatda geljek ýylyň hasyly üçin bugdaý ekişi dowam edýär. Ekiş geçirilen ýerlerde gögeriş suwy öz wagtynda tutulyp, kadaly gögeriş alynýar. Şunuň bilen birlikde, welaýatda gant şugundyrynyň hasylyny ýygnap almaga taýýarlyk işleri alnyp barylýar.
Welaýatyň ekerançylyk meýdanlarynda ýetişdirilen gök-bakja we beýleki oba hojalyk ekinlerini ýygnap almak hem-de ilata ýetirmek boýunça degişli işler geçirilýär. Häzirki wagtda welaýatyň çägindäki medeni-durmuş, jemgyýetçilik binalarynda, ýaşaýyş jaýlarynda ýyladyş ulgamlary kadaly işledilýär.
Şeýle hem häkim ýurdumyzy bagy-bossanlyga öwürmek boýunça öňde goýlan wezipelere laýyklykda, welaýatda ählihalk bag ekmek dabarasyny, şeýle hem Hasyl toýuny guramaçylykly geçirmek boýunça alnyp barylýan taýýarlyk işleri barada hasabat berdi.
Döwlet Baştutanymyz hasabaty diňläp, häzirki wagtda oba hojalygynda ýaýbaňlandyrylan möwsümleýin işleriň möhüm ähmiýetine ünsi çekdi we şunuň bilen baglylykda, häkime welaýatyň ekerançylyk meýdanlarynda alnyp barylýan agrotehniki çäreleri, hususan-da, pagta ýygymyny we bugdaý ekişini ýokary hilli geçirmek üçin ähli zerur çäreleri görmegi tabşyrdy. Şeýle hem hormatly Prezidentimiz welaýatda ählihalk bag ekmek dabarasyny guramaçylykly geçirmek üçin gowy taýýarlyk görmegi hem-de ýurdumyzy durmuş-ykdysady taýdan ösdürmäge gönükdirilen maksatnamalara laýyklykda, şu ýyl üçin meýilleşdirilen işleriň ýokary hilli ýerine ýetirilmegini gözegçilikde saklamagy tabşyrdy.
Soňra Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary T.Atahallyýew ýurdumyzda dowam edýän möwsümleýin oba hojalyk işleriniň barşy barada hasabat berdi.
Bellenilişi ýaly, ýurdumyzyň oba hojalygynda dowam edýän möwsümleýin işleriň çäklerinde ýetişdirilen pagta hasylyny soňky hanasyna çenli ýygnap almak, ýygnalan hasyly kabul ediş harmanhanalarynda bökdençsiz kabul etmek we pagta arassalaýjy kärhanalarda gaýtadan işlemek boýunça degişli işler alnyp barylýar. Şunuň bilen birlikde, geljek ýylyň bugdaý hasylynyň düýbüni tutmak boýunça degişli işler geçirilýär. Ekiş geçirilen meýdanlarda agrotehnikanyň kadalaryna laýyklykda gögeriş suwuny tutmak hem-de gögeriş alnan meýdanlarda ideg etmek işleri ýerine ýetirilýär.
Ýurdumyzda azyk bolçulygyny has-da pugtalandyrmak barada öňde goýlan wezipelerden ugur alnyp, welaýatlarda güýzlük ekilen azyklyk ekinleriň hasylyny ýygnap almak hem-de ilata ýetirmek boýunça degişli işler alnyp barylýar. Daşoguz hem-de Lebap welaýatlarynda ýetişdirilen şaly hasylyny ýygnap almak, Mary welaýatynda bolsa gant şugundyrynyň hasylynyň ýygymyna başlamaga taýýarlyk işleri ýerine ýetirilýär.
Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow hasabaty diňläp, oba hojalyk pudagynyň milli ykdysadyýetimizdäki möhüm ähmiýetini belledi we şunuň bilen baglylykda, wise-premýere häzirki wagtda ýurdumyzyň ekerançylyk meýdanlarynda ýaýbaňlandyrylan möwsümleýin işleri, hususan-da, pagta hasylyny soňky hanasyna çenli ýygnap almak, bugdaý ekişini agrotehniki möhletlerde tamamlamak boýunça alnyp barylýan işleri, şeýle hem ählihalk bag ekmek dabarasyna taýýarlyk işlerini gözegçilikde saklamagy, ýurdumyzda giňden belleniljek Hasyl toýuna ýokary derejede taýýarlyk görmegi tabşyrdy.
Soňra döwlet Baştutanymyz iş maslahatyna gatnaşyjylara ýüzlenip, häzirki wagtda ýurdumyzyň oba hojalygynda örän jogapkärli möwsümiň — pagta ýygymynyň we bugdaý ekişiniň dowam edýändigini, şoňa görä-de, bu möwsümleri ýokary hilli hem-de guramaçylykly geçirmek üçin ähli zerur çäreleri görmegiň möhümdigini belledi.
Döwlet Baştutanymyz gyş möwsüminiň hem golaýlap gelýändigine ünsi çekip, welaýatlarda bilim, medeniýet, dolandyryş, jemgyýetçilik we ýaşaýyş jaýlarynyň ýyladyş ulgamlarynyň kadaly işledilmegini üpjün etmek babatda degişli görkezmeleri berdi.
Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow sanly ulgam arkaly geçirilen iş maslahatyny tamamlap, oňa gatnaşanlara berk jan saglyk, maşgala abadançylygyny, alyp barýan işlerinde uly üstünlikleri arzuw etdi.