
Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda geleşikleriň 23-si hasaba alyndy.

Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynyň her bir güni ýurdumyzyň durmuşynda möhüm ähmiýeti bolan şanly wakalara beslenýär. Häzirki wagtda türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyzyň başyny başlan giň möçberli özgertmeleriniň hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň baştutanlygynda üstünlikli durmuşa geçirilmegi netijesinde Türkmenistan tutuş adamzat ähmiýetli başlangyçlary öňe sürýär. Şunda döwlet Baştutanymyzyň tagallasy bilen «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda BMG-niň deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan döwletler boýunça üçünji maslahatyny guramak babatda degişli işleriň giňden ýaýbaňlandyrylandygyny bellemeli.

Häzirki döwürde ösüşleriň belentliklerine tarap bedew bady bilen ynamly gadam urýan ýurdumyzyň her bir güni taryhy ähmiýetli wakalara beslenýär.

Şu gün Türkmenistanyň Mejlisiniň ýedinji çagyrylyşynyň sekizinji maslahaty geçirildi. Maslahata degişli ministrlikleriň we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň, köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri çagyryldy.

11-nji aprelde Türkmenistanyň Jemgyýetçilik guramalarynyň merkezinde Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Aşgabat şäher Geňeşiniň we «Aşgabat» teleýaýlymy bilen bilelikde guramagynda «Bitarap Türkmenistan parahatçylygyň we dostlugyň mekany» atly brifing geçirildi.
