17-nji aprelde we 14-nji maýda sagat 15:00-da Türkmenistanyň Telekommunikasiýalar we informatika institutynda «Açyk gapylar» günleri geçiriler.
Instituta orta mekdepleriniň uçurymlary, okuw merkezleriniň talyplary, harby gullukçylary, ýurdumyzyň önümçilik pudaklarynda işleýän ýaşlaryny we öňümizdäki 2025–2026-njy okuw ýylynda bu ýokary okuw mekdebine girmek isleýän beýleki ýaşlar çagyrylýar.
«Açyk gapylar» günlerinde ýaşlara bu ýokary okuw mekdebinde öwredilýän hünärler we olaryň ugurlary, ylmy-derňew, bilim, terbiýeçilik, medeni we köpçülikleýin işler, şeýle hem bu ýerde okamak, sport bilen meşgullanmak, talyplaryň ýaşamagy we dynç almagy üçin döredilen giň mümkinçilikler barada maglumatlar berler. Dalaşgärler institutyň wekilleri bilen duşuşyp, kabul ediş meseleleri boýunça degişli maslahatlary alyp bilerler.
Türkmenistanyň Telekommunikasiýalar we informatika institutynyň salgysy: Aşgabat şäheri Magtymguly şaýolynyň 68-nji jaýy. Telefon belgisi: 94-03-38.