«Aşgabat» köpugurly stadionynyň meýdançalarynda tamamlanan Türkmenistanyň tennis çempionatyna Ahal, Daşoguz, Lebap, Mary welaýatlaryndan we Aşgabatdan 114 türgen (64 erkek we 50 zenan) gatnaşdy.
Erkekleriň we zenanlaryň arasynda ýekelikde hem-de jübütleriň duşuşyklarynda ýeňijiler kesgitlenildi.
Erkekleriň arasyndaky ýaryş 2024-nji ýyldaky Türkmenistanyň Kubogy ýaryşynyň ýeňijisi, şikes alan Ýuriý Rogusskiý bäsleşige gatnaşmansoň altynjy belgili Allanur Daýanjowyň ýeňşi bilen tamamlandy. Allanur ýarym finalda bäşinji belgili Didar Wepamyradowy 3 setde – 4:6, 6:2, 6:1, finalda bolsa çekeleşikli göreşde Türkmenistanyň geçen ýylky 25 ýaşly çempiony, Türkmen döwlet bedenterbiýe we sport institutynyň bäşinji ýyl talyby birinji belgili Meýlis Orazmuhammedowy 7:5, 7:5 hasabynda utdy.
Allanur Daýanjow ilkinji gezek Türkmenistanyň çempiony boldy. Bu üstünlikde onuň häzirki halypasy – milli ýygyndynyň tälimçisi we Türkmenistanyň 1-nji tennisçisi Ýuriý Rogusskiniň hyzmaty uludyr. Ýurdumyzyň häzirki çempiony Türkmenistanyň Telekommunikasiýalar we informatika institutynyň 4-nji ýyl talyby bolup, okuwy bilen tennisi üstünlikli utgaşdyrýar.
Mary şäherindäki 25-nji orta mekdebiň 17 ýaşly 12-nji synp okuwçysy ýedinji belgili Resul Ataýew Didar Wepamyradowy 3-nji orun ugrundaky oýunda 4:6, 7:5, 7:5 hasabynda utdy.
Ýekelikdäki bürünç medaldan başga-da, Resul Ataýew Mary şäherindäki 3-nji orta mekdebiň 11-nji synp okuwçysy 16 ýaşly Nazym Kasymow bilen bilelikde çykyş edip, altyn medal hem eýeledi. Finalda Mary welaýatyndan tennisçiler Türkmenistanyň Telekommunikasiýalar we informatika institutynyň ýedinji belgili talyplary Allanur Daýanjowy we Serdar Wepamyradowy super taý-breýkde 6:4, 4:6, 14:10 hasabynda utup, ilkinji gezek hormat münberiniň ýokary gatyna çykdylar. Resul Ataýewiň we Nazim Kasymowyň bu üstünligini, halypasy, Mary şäherindäki 3-nji sport mekdebiň tälimçisi Andreý Dowmatow paýlaşýar.
Zenanlaryň ýaryşynda Türkmenistanyň çempiony diýen ady bir ýyl soň Aşgabat şäherindäki ýöriteleşdirilen 42-nji orta mekdebiň 9-njy synp okuwçysy Ilima Guseýnowa gaýtaryp aldy. Bu üstünlige barýan ýolda ikinji belgili «Ashgabat Open 2024» halkara ýaryşynyň 15 ýaşly ýeňijisi kynçylyklara duş gelmedi. Ilima Guseýnowa üçünji gezek zenanlaryň arasynda Türkmenistanyň çempiony boldy. Zehinli türgeniň bu üstünligini häzirki halypasy, Aşgabat şäherindäki 11-nji sport mekdebiň tälimçisi Uma Hummetowa paýlaşýar.
Şeýle hem Aşgabat şäherindäki 9-njy sport mekdebiň tälimçisi Nelli Woýniçiň zehinli okuwçysy Leýli Esenowa Türkmenistanyň geçen ýylky çempiony Aýşa Bikbulatowany 6:4, 6:2 hasabynda ýeňip, kümüş medal eýeledi, ilkinji gezek ulular çempionatynda münberiň ikinji gatyna çykdy.
Milli çempionatyň bürünç medalyna eýe bolan Aşgabat şäherindäki 50-nji orta mekdebiň 12-nji synp okuwçysy Aýşa Bikbulatowa 3-nji orun ugrundaky oýunda Anna Ponýatowany 6:3, 6:3 hasabynda ýeňdi.
Gyzlar jübütinde Ilima Guseýnowa we paýtagtymyzdaky Atamyrat Nyýazow adyndaky zehinli ýaşlar mekdebiň 8-nji synp okuwçysy Aýlar Kakabaýewa ýeňiji boldular. Finalda ilkinji belgili Aýşa Bikbulatowa we Aýnur Möwlýamowa garşy oýunda 6:2, 4:6, 10:7 hasabynda ýeňdiler. A.Kakabaýewa bilen A.Bikbulatowanyň paýtagtyň 10-njy sport mekdebiniň tälimçisi Jennet Hallyýewadan, Aşgabat şäherindäki 27-nji ýöriteleşdirilen orta mekdebiň 10-njy synp okuwçysy A.Möwlýamowanyň Serdar Bäşimowdan tälim alýandygyny bellemek gerek.