Ï Türkmenistanyň Prezidenti “Türkmenistanda 2025-nji ýylda şaly öndürmek hakynda” Karara gol çekdi
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Türkmenistanyň Prezidenti “Türkmenistanda 2025-nji ýylda şaly öndürmek hakynda” Karara gol çekdi

view-icon 1552

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýurdumyzyň oba hojalyk pudagynda amala aşyrylýan özgertmeleri dowam etdirmek, öndürilýän oba hojalyk önümleriniň möçberini has-da artdyrmak hem-de şalynyň ýokary hasylyny öndürmek maksady bilen, Türkmenistanyň Prezidenti Türkmenistanda 2025-nji ýylda şaly öndürmek hakynda Karara gol çekdi. Resminama laýyklykda, Oba hojalyk ministrligine, “Türkmengallaönümleri” döwlet birleşigine, Daşoguz we Lebap welaýatlarynyň häkimliklerine bu welaýatlaryň degişli etraplarynda önümçiligi we ekin dolanyşygyny agrotehnikanyň talaplaryna laýyklykda ylmy esasda ýola goýmak bilen, şalynyň ýokary hasylynyň öndürilmegini üpjün etmek tabşyryldy.