Şu ýylyň 31-nji marty bilen 4-nji apreli aralygynda Bütindünýä gümrük guramasynyň bilermenleri Daşgyn Alyýewiň we Jaýdar Inkerbaýewiň Türkmenistanyň Döwlet gümrük gullugynyň okuw merkezine iş sapary boldy.
Bilermenleriň bu sapary Bütindünýä gümrük guramasynyň görkezmelerine laýyklykda, Türkmenistanda sebitleýin okuw merkezi üçin strategik meýilnama taýýarlamaga tehniki kömek bermäge we tejribe alyşmaga gönükdirilipdi. Bäş günlük saparyň çäginde geçirilen iş duşuşyklary we maslahatlary bilim işiniň ýola goýulyşy bilen tanyşmaga we sebitleýin okuw merkeziniň netijeli işlemegi üçin indiki edilmeli işleri kesgitlemäge mümkinçilik berdi.
Bütindünýä gümrük guramasynyň wekilleri sebitleýin okuw merkeziniň diňe bir Türkmenistanda däl, eýsem, sebitde gümrük işgärleriniň hünärlerini ýokarlandyrmak üçin ähmiýetlidigini bellediler. Saparyň jemini jemläp taraplar hyzmatdaşlygy dowam etdirmek isleýändiklerini tassykladylar.