Ï Türkmenistanyň Saud Arabystandaky Ilçihanasy sport ýaryşlaryny geçirdi
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Türkmenistanyň Saud Arabystandaky Ilçihanasy sport ýaryşlaryny geçirdi

view-icon 2046
Türkmenistanyň Saud Arabystandaky Ilçihanasy sport ýaryşlaryny geçirdi

Er-Riýad şäherinde Türkmenistanyň Saud Arabystany Patyşalygyndaky Ilçihanasynyň guramagynda Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň 30 ýyllygy hem-de 2025-nji ýylyň «Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly» diýlip yglan edilmegi mynasybetli sportuň futbol we küşt görnüşleri boýunça ýaryşlary geçirildi. Bu barada Türkmenistanyň DIM-niň web-saýtynda habar berilýär.

Çärä Saud Arabystany Patyşalygynda ýerleşýän diplomatik wekilhanalarynyň ýolbaşçylary we işgärleri, hem-de bu ýerde ýaşaýan türkmen diasporasynyň wekilleri gatnaşdylar.

Çäräniň ahyrynda tawaputlanan gatnaşyjylara Ilçihana tarapyndan sylaglar gowşuryldy we türkmen milli tagamlary hödür edildi.