
Ýurdumyzyň wekiliýetiniň Rumyniýada iş saparynda bolmagynyň çäklerinde Babeş-Bolyai uniwersitetiniň Türkologiýa instituty, Türkmenistanyň Ruminiýadaky Ilçihanasy we Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasy bilen bilelikde guran Türkmenistanyň Bitaraplygynyň 30 ýyllygyna bagyşlanan ylmy maslahata hem-de “Magtymguly Pyragynyň diwany” atly goşgular ýygyndysynyň rumyn diline terjime edilen nusgasynyň tanyşdyrylyş dabarasyna gatnaşdylar.

Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Merkezi geňeşiniň ýanyndaky «Arkadagly Ýaşlar» elektron žurnalyň Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylyndaky üçünji sany okyjylara ýetirildi.

2025-nji ýylyň 7-8-nji apreli aralygynda Aşgabat şäherinde Türkmenistanyň Hazar deňzi institutynda deňiz serhet çyzygyny kesgitlemek, balykçylyk sebitleriniň çäklerini anyklamak, başlangyç çyzygy çekmek, şeýle hem Hazar deňziniň düýbi boýunça araçäkleriniň bellenilmegi bilen bagly meseleler we degişli resminalar babatynda ikitaraplaýyn geňeşmeler geçirildi.

2025-nji ýylyň 5-7-nji apreli aralygynda Türkmenistanyň Mejlisiniň Başlygy Dünýägözel Gulmanowanyň ýolbaşçylygyndaky türkmen wekiliýeti Daşkent şäherinde geçirilen Parlamentara bileleşigiň 150-nji ýubileý Assambleýasyna gatnaşmak maksady bilen Özbegistan Respublikasynda saparda boldy.

2025-nji ýylyň 8-nji aprelinde Türkmenistanyň Daşary işler ministri Raşid Meredow bilen Efiopiýa Federal Demokratik Respublikasynyň Daşary işler ministri Gedion Timotewosyň arasynda telefon arkaly söhbetdeşlik geçirildi.
