«Arkadag» toparynyň futbolçylary Marynyň «Merw» toparynyň derwezesine jogapsyz ýedi pökgi geçirip, ýokary liganyň toparlarynyň arasynda geçirilýän futbol boýunça 2025-nji ýyldaky Türkmenistanyň çempionatynda iň uly ýeňiş gazandy.
Duşuşyk 5-nji tapgyryň çäklerinde Arkadag şäherinde geçirildi.
Toparlar Güýçmyrat Annagulyýewiň (9-njy minutda – 11 metrlik jerime urgusyndan) we Altymyrat Annadurdyýewiň (23-nji minutda) geçiren pökgülerinden soň 2:0 hasabynda meýdança eýeleriniň peýdasyna arakesmä çykdylar. Ikinji ýarymyň ortasynda «Arkadag» toparyndan Begenç Akmämmedow 62-nji minutda üçünji pökgüsini tora girizdi. Duşuşygyň ahyrynda Wladimir Baýramowyň topary soňky 7 minutda garşydaşynyň derwezesine ýene dört pökgi geçirdi. Yhlas Saparmämmedow 83-nji we 85-nji minutlarda iki pökgi geçirdi. Soňky iki möwsümiň iň köp pökgi geçiren oýunçysy Didar Durdyýew 87-nji we Şanazar Tirkişow 90-njy minutlarda tapawutlandylar.
«Arkadag» topary ikinji gezek ýeňiş gazanyp, 6 utuk bilen dördünji orna çykdy, ol «Nebitçi», «Aşgabat» we «Şagadam» toparlaryndan 1 utuk yzda.
«Nebitçi» topary geçen tapgyrda «Merw» topary bilen öý meýdançasynda myhman toparyň duşuşygyň ikinji ýarymynda öz ygtyýaryna meýdançadan gidenligi üçin 3:0 hasabynda berlen tehniki ýeňişiň hasabyna şeýle ýokary galdy. «Aşgabat» topary bolsa 5-nji tapgyrda «Nebitçi» toparyndan 2:1 hasabynda erjellik bilen üstün çykyp, ilkinji üçlüge girdi.
Ahal welaýatynyň Gökdepe etrabynyň Babarap geňeşliginiň «Sport desga» stadionynda geçirilen duşuşykda «Aşgabat» topary 12-nji minutda Myratdurdy Baýramowyň geçiren pökgüsinden soň 0:1 hasabynda utulýardy. Meýdança eýeleri 44-nji minutda Bäşim Gurbandurdyýewiň tagallasy bilen hasaby deňledi. 68-nji minutda Şatlyk Gurbanowyň takyk urgusyndan soň ýeňiş gazandylar.
Bu duşuşyklardan soň 3 pökgi bilen iň köp pökgi geçirenlerden öňbaşçylygy «Merw» toparyndan Abdyresul Abdyýew we «Arkadag» toparyndan Yhlas Saparmämmedow paýlaşýarlar. «Arkadag» toparyndan Begenç Akmämmedow we Didar Durdyýew, şeýle hem «Ahal» toparyndan Gurban Annaýew we «Aşgabat» toparyndan Bäşim Gurbandurdyýew garşydaşlarynyň derwezesine 2 pökgi geçirdiler.
Futbol boýunça 2025-nji ýyldaky Türkmenistanyň çempionatynyň 5-nji tapgyry «Altyn asyr» bilen «Köpetdag» we «Şagadam» bilen «Ahal» toparlarynyň arasyndaky duşuşyklar bilen tamamlanar.