Ýurdumyzyň wekiliýetiniň Rumyniýada iş saparynda bolmagynyň çäklerinde Babeş-Bolyai uniwersitetiniň Türkologiýa instituty, Türkmenistanyň Ruminiýadaky Ilçihanasy we Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasy bilen bilelikde guran Türkmenistanyň Bitaraplygynyň 30 ýyllygyna bagyşlanan ylmy maslahata hem-de “Magtymguly Pyragynyň diwany” atly goşgular ýygyndysynyň rumyn diline terjime edilen nusgasynyň tanyşdyrylyş dabarasyna gatnaşdylar.
Ylmy-masalahatda Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň 30 ýyllygy hem-de Magtymguly Pyragynyň milli we dünýä edebiýatynda eýeleýän orny, şahyryň döredijilik mirasynyň öwrenilişi, soňky ýyllaryň dowamynda türkmen we rumyn alymlarynyň billelikde şahyryň eserleriniň terjimesi bilen bagly edilen işler we onuň ömri hem-de döredijiligi bilen bagly täze açyşlar hakynda söhbet edildi.
Şeýle hem çykyşlarda iki ýurduň taryhy-medeni ýagdygärlikleriniň ylym dünýäsinde, alymlarda hem-de syýahatçylarda uly gyzyklanma döredýändigi, görnükli söz ussatlarynyň türkmen we rumyn nusgawy edebiýatlarynyň ösmegine we dünýä edebiýatynyň ajaýyp eserler bilen baýlaşmagyna mynasyp goşantlaryny goşundygy buýsanç bilen bellenildi.
Şunuň bilen bir hatarda, hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň hem-de türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyzyň dünýäde ynsanperwer hyzmatdaşlygy has-da ösdürmäge, parahatçylygy we dostlugy berkitmäge, döwletleriň we halklaryň arasyndaky gatnaşyklary we hyzmatdaşlygy täze, has ýokary derejelere çykarmaga gönükdirilen başlangyçlarynyň hem-de ylmy-medeni diplomatiýasynyň türkmen-rumyn dostluk köprüsini giňeltmäge mümkinçilik berýändigi, ylmyň, medeniýetiň we jemgyýetiň öňünde duran häzirki zamanyň möhüm meselelerini çözmäge giň ýol açýandygy bellenildi.
Rumyniýanyň Babeş-Bolyai uniwersitetiniň professory hanym Margarita Aslan halkara maslahatyň dowamynda eden çykyşynda hormatly Prezidentimiziň «Magtymguly Pyragynyň 300 ýyllygy» medaly bilen sylaglamagy öz üçin uly mertebedigini hem-de bu ugurdaky işleri uly hormat bilen geljekde-de dowam etjekdigini belläp, hormatly Prezidentimize hem-de Gahryman Arkadagymyza hoşallygyny beýan etdi.
Dabaranyň çäklerinde hormatly Prezidentmiziň nusgalyk kitaplarynyň, şol sanda Jeýtun, Altyndepe, Goňurdepe, Parfiýa-Nusaý, Horezm-Köneürgenç, Dehistan ýaly taryhy-medeni ýadygärliklerine, türkmen halkynyň nusgawy şahyrynyň ömrüne we edebi mirasyna bagyşlanan kitaplaryň hem-de Magtymgulynyň daşary ýurt dillerine goşgular ýygyndylarynyň sergisi guraldy.