Ï Türkmen oba hojalyk instituty «Açyk gapylar» gününi geçirer
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Türkmen oba hojalyk instituty «Açyk gapylar» gününi geçirer

view-icon 1267
Türkmen oba hojalyk instituty «Açyk gapylar» gününi geçirer

12-nji aprelde we 10-njy maýda 10:00-da Türkmen oba hojalyk instituty 2025-2026-njy okuw ýylynda ýokary okuw mekdebe okuwa girmek isleýän ýaşlar üçin «Açyk gapylar» gününi geçirer.

«Açyk gapylar» gününde geljekki dalaşgärlere ýokary okuw mekdebiň alyp barýan işi, onuň düzümi, hünärler hem-de hünärmenleri taýýarlamagyň ugurlary, okatmagyň usulyýeti, institutda geçirilýän ylmy-barlaglar barada doly maglumatlar berler.

Ýokary okuw mekdebiň wekilleri myhmanlara institutyň terbiýeçilik we medeni işleri, şeýle hem netijeli okamak, sport bilen meşgullanmak, oňaýly ýaşamak hem-de talyplaryň doly derejede dynç almagy üçin döredilen giň mümkinçilikler barada gürrüň bererler.

Türkmen oba hojalyk instituty şu salgy boýunça ýerleşýär: Daşoguz welaýatynyň Daşoguz şäheriniň Ruhnama köçesiniň 94-nji jaýy. Telefon belgiler: 80032293392, 80032294068.

Lebap welaýatynda ýaşaýan ýaşlar üçin çäre S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk uniwersitetiniň Türkmenabat agrosenagat orta hünär okuw mekdebinde geçiriler. Onuň salgysy: Türkmenabat şäheriniň Zelili köçesiniň 1-nji A jaýy. Telefon belgiler: 80042298956, 80042298771, 80042298812.

Mary welaýatynyň ýaşlary üçin «Açyk gapylar» güni S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk uniwersitetiniň Baýramaly agrosenagat orta hünär okuw mekdebinde geçiriler. Onuň salgysy: Baýramaly şäheriniň Talyplar köçesiniň 1-nji jaýy. Telefon belgiler: 80056463819, 80056460784.

Okuwa girmäge gyzyklanma bildirýän ýaşlaryň ählisi Türkmen oba hojalyk instituty barada ýokary okuw mekdebiň resmi saýtyna girip hem zerur maglumatlary alyp bilerler.