
Düýn tutuş ýurdumyz boýunça möhüm oba hojalyk möwsümine — gowaça ekişine badalga berildi. Döwlet Baştutanymyzyň tabşyrygyna laýyklykda, Ahal, Balkan, Daşoguz, Lebap we Mary welaýatlarynyň ekerançylary ekişe köpçülikleýin girişdiler.

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow 21-nji fewralda sanly ulgam arkaly geçirilen Ministrler Kabinetiniň mejlisinde Türkmenistanyň Oba hojalyk ministrliginiň Ylmy-barlag maldarçylyk we weterinariýa institutyny döretmek hakynda Karara gol çekdi.

2025-nji ýylyň 26-njy martynda Türkmenistanyň Daşary işler ministriniň orunbasary Ahmet Gurbanowyň Latwiýa Respublikasyna amala aşyran iş saparynyň çäginde Döwlet sekretarynyň orunbasary – Latwiýa Respublikasynyň Daşary işler ministrliginiň syýasy direktory Iwars Lasis bilen türkmen-latwiýa syýasy geňeşmeleri geçirildi.

Ýurdumyzyň ýüpekçilik pudagy iň irki önümçilikleriň biri bolup, milli ykdysadyýetimiziň ösmeginde aýratyn orna eýedir. Bu pudakda iň iri we baýry kärhanalaryň biri hem 1931-nji ýylda işe girizilen Türkmenabadyň ýüpek önümçilik birleşigidir.

2025-nji ýylyň 25-nji martynda Türkmenistanyň Daşary işler ministri Raşid Meredow bilen BMG-niň Ilat Gaznasynyň (UNFPA) Türkmenistandaky ýurt boýunça direktory Çinwe Ogbonnanyň arasynda duşuşyk geçirildi.
