Ï Bag ekmek dabarasy geçirildi
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Bag ekmek dabarasy geçirildi

view-icon 1001
Bag ekmek dabarasy geçirildi

Hormatly Prezidentimiziň Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynyň 7-nji fewralynda geçiren Ministrler Kabinetiniň giňişleýin mejlisinde ýurdumyzda bag ekmek çärelerini geçirmek baradaky gol çeken Karary esasynda, Berkarar Diýarymyzyň ähli ýerlerinde bolşy ýaly, Lebap welaýatynyň hem obadyr şäherlerinde bag ekmek dabaralary geçirildi.

Esasy dabara Türkmenabat – Mary ýolunyň ugrunda, dürli kärde zähmet çekýän raýatlarymyzyň, talyp ýaşlaryň gatnaşmaklarynda welaýat köpugurly söwda bazarynyň golaýynda ýaýbaňlandyryldy. Bu ýerde agzybirlikli, ýokary ruhubelentlige beslenip çekilen zähmetiň netijesinde bag nahallarynyň 4 müň düýp töweregi oturdyldy. 

Hormatly Prezidentimiziň ýurdumyzy bagy-bossanlyga, gülzarlyga öwürmek baradaky ýörelgesi hem-de başlangyjy, şeýle hem «Türkmenistanyň 2021-nji ýyllar üçin Milli tokaý maksatnamasy» esasynda geçirilen bag ekmek çäreleri welaýatyň ähli künjegini gurşap aldy. Ýokary watançylyk duýgulary bilen utgaşyp giden bag ekmek dabaralarynda yhlasly çekilen zähmetiň netijesinde welaýat boýunça pürli hem-de miweli bag nahallarynyň 44 müň düýpden gowragy oturdyldy. Olaryň 19 müň 900 ýüzden gowragy tut, 8 müň 200 töweregi miweli we üzüm nahallary, galan bölegi bolsa saýaly agaçlardyr. 

Bag ekiş dabaralarynyň geçirilen ýerlerinde medeniýet we sungat işgärleriniň şowhunly çykyşlarynyň ýaýbaňlandyrylmagy, bag nahallarynyň, gülleriň, oba hojalyk we daýhançylyk gurallarynyň sergileriniň guralmagy bu möhüm ähmiýetli çäräni toý derejesine ýetirdi. Bag nahallarynyň ýörite saýlanyp alnan we taýýarlanan ýerlerde agrotehnikanyň talaplaryna laýyklykda oturdylmagy olaryň ýene-de sanlyja ýyldan diýarymyza görk berýän bagy-bossanlyga öwrüljekdigine güwä geçýär.