Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetiniň talyplary Tatişew adyndaky Astrahan döwlet uniwersitetiniň başlangyjy bilen onlaýn görnüşde geçirilen «Arassa energiýa – geljegiň energiýasy: düýn, şu gün, ertir» atly mowzukda talyplaryň halkara «tegelek stoluna» gatnaşdylar.
Bu çärä Magtymguly adyndaky TDU-nyň «Medeni miras: geçmişden geljege» ÝUNESKO bölüminiň müdiri, taryh ylymlarynyň kandidaty B.Diwangulyýewa we Tatişew adyndaky ADU-nyň «Öwrenýän jemgyýet we durnukly sosial-ykdysady ösüş» ÝUNESKO bölüminiň wekilleri hem gatnaşdylar.
«Gaýtadan dikeldip bolýan energetika: Türkmenistanyň durnukly geljeginiň esasydyr» we «Merkezi Aziýa ýurtlarynda gün energetikasyny ösdürmek mümkinçilikleri» atly ylmy çykyşlar bilen Magtymguly adyndaky TDU-nyň taryh bölüminiň talyby Medine Sopytaganowa we ekologiýa hünäri boýunça bilim alýan Arslan Hanmedow dagy çykyş etdi. Türkmen ýokary okuw mekdebiniň radiofizika we elektronika hünäri boýunça talyby S.Ergeşow öz çykyşynda gaýtadan dikeldilýän energiýa çeşmelerini utgaşdyryp ulanmak mümkinçilikleri barada gürrüň berdi.
«Tegelek stoluň» geçirilmegi ýokary okuw mekdepleriniň talyplarynyň nazary we amaly tejribelerini öwrenmek we ýaşyl energetika degişli wajyp meseleleri köpçülikleýin ara alyp maslahatlaşmaga mümkinçilik berdi.
Magtymguly adyndaky TDU-nyň wekilleri türkmen we rus ýokary okuw mekdepleriniň arasyndaky hyzmatdaşlyk baradaky ylalaşygyň çäginde geçen halkara duşuşyga gatnaşdylar.