Türkmenistanyň Oguz han adyndaky Inžener-tehnologiýalar uniwersitetiniň 4-nji ýyl talyby Gowşut Akmyradow 17 – 20-nji mart aralygynda Germaniýanyň Rust şäherinde geçirilen «CloudFest – 2025» bulutly tehnologiýalar halkara sergi-bäsleşiginiň ýeňijileriniň hataryna girdi.
Halkara sergi-bäsleşiginiň meýdançasynda Gowşut «Plastik bank kartlaryndan pul geçirmeleri amala aşyrylanda «Sanly_birlik» kömekçi programma üpjünçiliginiň mümkinçilikleri» atly ylmy işini görkezdi hem-de eminleriň ýokary bahasyna mynasyp boldy.
Eminler toparynyň çözgüdi bilen Türkmenistanyň talybyna bäsleşigiň «Innowasion maliýe we elektron hasabatlylyk» ugry boýunça I orun berildi. Gowşut sergi-bäsleşiginiň eminleriniň adyndan mynasyp bolan diplomy hem-de ýadygärlik sowgady bilen sylaglandy.
«CloudFest – 2025» halkara sergi-bäsleşigi innowasion tehnologiýalar ulgamynda ýaşlaryň iň abraýly bäsleşikleriniň biridir. Şu ýyl bu iri çäre dünýäniň 34 ýurdundan zehinli ýaşlary bir ýere jemledi. Bäsleşik bäş ugur boýunça geçirildi. Şolaryň hatarynda emeli aňyň tehnologiýalary, robottehnikasy we kibernetika, bulutly tehnologiýalar, innowasion maliýe we elektron hasabatlylyk, şeýle hem tor hem-de internet howpsuzlygy diýen ugurlar bar.