A.S.Puşkin adyndaky döwlet rus drama teatrynyň döredijilik topary Milli bahar baýramy – Halkara Nowruz güni mynasybetli, «Bahar geldi» atly konsert maksatnamasyny taýýarlady.
Konsert «Size bagt arzuw edýäris» atly esasy aýdym-saz eserleriniň astynda geçdi. Alypbaryjylar Tatýana Öwezmyradowa we Swýatoslaw Lawiniň ilkinji çykyşynda tomaşaçylary baharyň gelmegi bilen gutlamak boldy.
Konsert çykyşlaryny, esasan teatryň ýaşlary ýerine ýetirdiler, ýaşulurak aktýorlar bolsa tomaşaçylary baharyň gelmegi bilen gutlamak we hemmelere bagt arzuw etmek üçin sahna çykdylar.
«Kotletler» we «Toýdan öň» atly iki sany sahna oýnuny Anna Hommadowa we Atajan Guseýnow ýerine ýetirdi. Kiçi sahna oýunlary tomaşaçylaryň keýpini götermek bilen birlikde, aktýorlaryň satirik zehinini ýüze çykardy.
Mariýa Durdyýewanyň «Tatýananyň Onegine haty» atly çykyşy ýatda galyjydy. A.S.Puşkiniň «Ýewgeniý Onegin» romanyndan bu parça her bir mekdep okuwçysyna tanyş tekst, şonuň üçin-de ony birsydyrgyn okamak usuly döräpdir. Emma Mariýa ynanyp bolmajak zadyň hötdesinden geldi – ol Tatýanany başga äheňde gürletdi.
Bu baýram agşamynda kalba ýakyn köp aýdym ýerine ýetirildi. Aýdymçylaryň arasynda Alina Andronowanyň we Igor Abdrimowyň çykyşlary tomaşaçylarda aýratyn täsir galdyrdy. Fleş-mob tanslaryna welin aktýorlaryň hemmesi diýen ýaly gatnaşdy.
Konsertde iň esasy waka Begenç Işangulyýewiň «Täsin gözler» aýdymyny ýerine ýetirmegi bolan bolsa gerek. Onuň çykyşynyň başynda saz jim boldy we tomaşaçylaryň el çarpyşmalary astynda aýdymy sazsyz aýtmagyny dowam etdirdi. Begenç bu meşhur aýdymyň soňky bendini diňleýjiler bilen bilelikde aýtdy.
Baýramçylyk konsert maksatnamasyna gatnaşanlaryň hemmesiniň ýerine ýetirmeginde «Size bagt arzuw edýäris» aýdymy bilen simwolik ýagdaýda tamamlandy.