23-24-nji aprelde Malaýziýanyň Kuala-Lumpur şäherinde Türkmenistanyň ykdysadyýet pudaklaryna daşary ýurt maýa goýumlaryny çekmek babatda has möhüm waka boljak TEIF 2025 halkara forumy geçiriler.

Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda geleşikleriň 27-si hasaba alyndy.

2025-nji ýylyň 23-nji fewralynda Daşary işler ministrliginde Türkmenistanyň Hazar deňziniň meseleleri boýunça pudagara toparynyň 63-nji mejlisi geçirildi.

14 ýaşa çenli türkmen tennisçileri gyzlaryň arasynda Aziýa-Okeaniýa zolagynda ITF World Junior dünýä çempionatyna deslapky saýlama ýaryşynda Isa-Taun şäherinde (Bahreýn) geçirilen 18 toparyň arasynda bäşinji orny eýelediler.

2025-nji ýylda geçirilen ilkinji ýaryşyň baýragyny - Türkmenistanyň Futbol federasiýasynyň Kubogyny «Arkadag» toparynyň oýunçylary eýelediler. Wladimir Baýramowyň topary ýaryş tamamlanmagyndan bir tapgyr öň Marynyň «Merw» toparyny 3:0 hasabynda ýeňip, bu üstünlige ýetdi.
